Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Parlamentiniň saýlawlary soňky gününe girdi


Bolgariýalylar ses berýär.

Ýewropa Bileleşiginiň 21 agza döwletiniň onlarça million saýlawçysy bileleşigiň geljekki parlamentiniň saýlanmagy üçin bellenen dört günüň soňkusynda ses bermäge çagyryldy.

26-njy maýda ses berip, Ýewropa Parlamentiniň Strasburgdaky 751 agzaly Ýewropa Parlamentini saýlamaly ýurtlaryň arasynda Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Bolgariýa, Rumyniýa, Horwatiýa we Wengriýa ýaly ýurtlar bar.

ÝB-niň agza ýurtlarynyň ýedisi 23-nji maýa çenli ses berdi we deslapky netijeler ses berişlik şu gün giçlik, Italiýadaky ses berişlik tamam bolanda aýan ediler.

Pikir soramalary sag ganat, ýewropaskeptik populistleriň täze parlamentde üçden bire çenli orun alyp, gelýän bäş ýylda ÝB-niň çykarjak kararlaryny haýalçyratmak ähtimallygyny ýaňzydýar.

Emma muňa garamazdan, çykyş netijeleri sag ganat, ýewroskeptik populistleriň käbir synçylaryň çaklaýyşlary ýaly goldaw tapmandygyny görkezýär.

ÝB ýurtlarynda 400 milliondan gowrak saýlawçyny öz içine alýan ses berişlik dünýäniň iň uly transmilli saýlawy hökmünde häsiýetlendirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG