Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Ýaponiýada Demirgazyk Koreýany we Eýrany maslahat etdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (çepde) we Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe. 27-nji maý, 2019 ý.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (çepde) we Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe. 27-nji maý, 2019 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tokio eden saparynyň çäginde Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe bilen Demirgazyk Koreýany we Eýrany maslahat etdi.

27-nji maýda başlanan gepleşikleriň dowamynda Tramp Ýaponiýanyň Demirgazyk Koreýanyň ýadro we raketa programmasy bilen baglylykdaky aladalaryny köşeşdirmäge synanyşdy.

Tramp ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda “birek-birege uly sylagyň bardygyny” aýdyp, Phenýanyň ýakyndaky raketa synaglaryna garamazdan, golaýda “köp gowy zatlaryň” boljakdygyny belledi.

Fewralda Hanoýda Koreýa ýarymadasynyň denuklerizasiýasy boýunça geçirilen sammitiň netijesiz tamamlanmagyndan soň, soňky aýlarda Waşington bilen Phenýanyň gatnaşyklary dartgynlaşyp başlapdy.

Bu aralykda, Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrligi Trampyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Boltony “uruş tüçjary” diýip atlandyrdy.

Bu Boltonyň Demirgazyk Koreýanyň kiçi aralyk üçin niýetlenen raketalarynyň synagynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýalaryna çapraz gelýändigini belläp eden çykyşyna jogap hökmünde edildi.

Tramp gepleşikleriň dowamynda Waşington bilen Tähranyň arasyndaky soňky dartgynlylyklaryň hem maslahat edilendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG