Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň Gazagystandaky ilçisi Sinjiaň basyp ýatyryşlary barada aýdylýanlara gaharly reaksiýa bildirýär


Žaň Siao (Zhang Xiao)
Žaň Siao (Zhang Xiao)

Hytaýyň Gazagystandaky ilçisi öz ýurdunyň demirgazyk-günabatarynda ýerleşýän Sinjiaň welaýatynyň esasan musulmanlardan durýan etniki toparlarynyň, garyndaşlarynyň we aktiwistleriň aýdyşy ýaly, basylyp ýatyrylýandygyny inkär edip, Pekin tarapyndan hiç bir nädogry işiň edilmeýändigini aýdyp, gaharly reaksiýa bildirdi.

Gazak paýtagty Nur-Soltanda 28-nji maýda žurnalistler bilen bolan çekeleşikli pikir alyşmada ilçi Žaň Siao (Zhang Xiao) aýdylýan zatlary “galp maglumat” hökmünde ret etdi.

Hytaý öz ýurdunda ýaşaýan etniki azlyklara degişli 1 milliondan gowrak musulmany “täzeden terbiýleýiş” lagerlerinde saklaýandygy üçin ýygy-ýygydan tankyt edilýär, hukuk aktiwistleri ol adamlaryň mejbury saklanylýan ýerleriniiçerki sürgün lagerleri diýip atlandyrýarlar.

Pekin bu aýdylýanlary ret edýär. Bu mesele Sinjiaň bilen araçäkleşýän Gazagystan üçin has-da ynjyk bolup durýar, sebäbi basyp ýatyryjylar tarapyndan nyşana alynýan etniki toparlaryň arasynda gazaklar hem bar.

"Ol ýerdäki ýagdaý durnukly we kadaly. Sinjiaňda görülýän çäreler diňe radikallaşma we ekstremizme garşy, onuň Gazagystana hiç bir dahyly ýok” diýip, Žaň žurnalistlere aýtdy.

XS
SM
MD
LG