Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wirjinianyň hökümet binasynda bolan oka tutmada azyndan 12 adam öldi


Wirjinia-Biç (Virginia Beach) oka tutmasy
Wirjinia-Biç (Virginia Beach) oka tutmasy

ABŞ-nyň Wirjinia ştatynyň Wirjinia-Biç (Virginia Beach) şäherinde görnetin nägile bolan işgäriň hökümetiň ýerli dolandyryş binasyny oka tutmagy netijesinde azyndan 12 adam öldi.

Polisiýa 31-nji maýda ýaragly adamyň häkimiýetler tarapyndan tüpeňlenip, ölüm halyna salynmazyndan öň ýene alty adamy atyp ýaralandygyny aýtdy. Ýaraly bolanlaryň biri polisiýa ofiseri.

Polisiýanyň başlygy James Cervera ýaragly adamyň Wirjinia-Biş şäheriniň dolandyryş edarasynyň içindäki işçileri “biruçdan” oka tutandygyny aýtdy.

Resmileriň anyklamgyna görä, ýaragly adam jemagat hojalygy edarasynyň nägile bolan uzak wagtlyk işgäri eken.

FBI, Federal derňew býurosy ýerli hukuk goraýjylara derňew geçirmekde kömek edýär diýip, sözçi aýtdy.

Başga jikme-jiklikler häzirlikçe elýeterli bolmady.

Öýlän sagat dörtlerde, işçileriň işden gaýdýan wagtynda bolan hadysanyň mümkin bolan sebäpleri barada polisiýadan bada-bat düşündiriş almak mümkin bolmady.

XS
SM
MD
LG