Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin tanymal adamlaryň atlaryny aeroportlara dakmagy karar etdi 


A.Puşkiniň Sibibiň Kemerowa şäherindäki ýadygärligi. Arhiw suraty
A.Puşkiniň Sibibiň Kemerowa şäherindäki ýadygärligi. Arhiw suraty

19-njy asyrda ýaşan meşhur şahyr Aleksandr Puşkiniň adyny eşitmän, Orsýete syýahat etmek tas mümkin däl. Emma indi bu Moskwa barjaklar üçin asla mümkin bolmaz. Sebäbi prezident Wladimir Putin taryhy şahslaryň atlaryny Orsýetde Moskwadan Magadana çenli aralykda onlarça aeroporta dakmak barada karar çykardy.

31-nji maýda gol çekilen karara laýyklykda, 44 aeroporta meşhur ýazyjy-şahyrlaryň, aýdymçylaryň, alymlaryň, syýasy işgärleriň, inženerleriň we beýlekileriň atlary dakylar.

Paýtagtdaky Şeremetýewo aeroporty Orsýetde iň köp okalýan şahyr Puşkiniň adyny göterer. Domodedowo aeroporty indi 18-nji asyr alymy, häzir öz adyny göterýän Moskwa döwlet uniwersitetini esaslandyran Mihail Lomonosowyň adyny göterer, Wnukowa aeroportyna bolsa, sowet awiatory Andreý Tupolýewiň ady dakyldy.

Putiniň kararynda aerportlaryň resmi adynyň anyk nähili bolmalydygy görkezilmeýär. Emma häzirki görnüşinden, olar täze atlary bilen öňki atlaryny hem saklap galjaga meňzeýär.

Mysal üçin, Şeremetýewo aeroporty “A.Puşkin adyndaky Şeremetýewo halkara aeroporty” diýlip atlandyrylar.

XS
SM
MD
LG