Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran adam hukuklary aklawçysyna çykaran hökümi üçin tankytlanýar


Amirsalar Dawudi
Amirsalar Dawudi

“Amnesty International” guramasy Eýranda adam hukuklary aklawçysyna 30 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini we 111 gamçy urgusyna höküm edilmegini tankytlap, muny “bihaýa adalatsyzlyk” diýip atlandyrdy.

Düýbi Londonda ýerleşýän gurama Amirsalar Dawudiýe çykarylan hökümiň “hopukdyryjy derejede gazaply” bolandygyny belledi.

“Amnesty International” Dawudiniň 2018-nji ýylyň noýabrynda tussag edilendigini we şondan bäri Tähranyň Ewin türmesinde saklanandygyny aýdýar.

1-nji iýunda Dawudiniň aýaly adamsynyň dürli aýyplamalar boýunça Rewolýusiýa Sakçylary tarapyndan 30 ýyl türme tussaglygyna we 111 gamçy urgusyna höküm edilendigini aýdyp, Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Aklawça bildirilen aýyplamalaryň biri onuň özüniň Telegram messenjerinde ýurtdaky adam hukuklarynyň bozulmagy bilen ilteşikli ýerleşdiren maglumatlary bilen bagly.

XS
SM
MD
LG