Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Freedom House” “Media basyşynyň täze görnüşlerini” duýdurýar


Bişkek. Metbuga azatlygy günündäki karikatura.
Bişkek. Metbuga azatlygy günündäki karikatura.

Häkimiýeti öz elinde jemlemek niýetindäki liderler garaşsyz metbugaty basyşda saklamagyň täze usullaryny tapýarlar diýip, “Azatlyk öýi” guragamsy bu ýagdaýyň hem demokratik, hem-de awtoritar döwletlerde görnetin bolandygyny aýdýar.

5-nji iýunda “Azatlyk we Media 2019” ady bilen çap eden hasabatynda “Azatlyk öýi” çalamydar demokratiýalaryň käbirinde demokratiýa garşy liderleriň garaşsyz žurnalistleri sem etmek we özlerine ýakyn metbugat guramalaryny goldamak üçin dürli maliýe we kanun gurallaryny ulanýandyklaryny aýtdy.

"Soňky birnäçe ýyllarda gurallaryň täze toplumy peýda boldy we gowuşgynsyz demokratiýadaky liberal liderlerolary, häkimiýetde galmaklaryna hyzmat etdirmek maksady bilen, mediany kontrol astyndasaklamak üçin ulanýarlar” diýip, düýbi Waşingtonda ýerleşýän gurama aýtdy.

Wengriýada premýer-ministr Wiktor Orbanyň dolandyryjy Fidesz partiýasynyň “Medianyň üstünden kontrollygy ýola goýup,parallel reallyk döretmegi netijesinde, hökümet habarlary we nädogry maglumatlar bir-birini pugtalandyrýar” diýip, hasabatda aýdylýar.

Serbiýada prezidentAleksandar Wuçiç we onuň ýaranlary Orbanyň yzyna eýerýärler, ýöne olar Serbiýanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň üstünden kontrollygy entek doly ýola goýmadylar, emma žurnalistleri gorkuzmak gündelik işe öwrüldi.

Şeýle-de hasabatda Orbanyň hökümeti bilen Wuçiçiň adminstrasiýasynyň “tankydy žurnalizmi sem etmekde uly üstünlik gazanandygy” aýdylýar.

XS
SM
MD
LG