Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

120 müň çeh premýer-ministriň işden çekilmegini talap etdi


Praga. Dükanyň içinden demonstrasiýany synlap duran adam. 4-nji iýun, 2019.
Praga. Dükanyň içinden demonstrasiýany synlap duran adam. 4-nji iýun, 2019.

On müňlerçe protestçi merkezi Praga toplanyp, milliarder premýer-ministr Andreý Babişiň işden çekilmegini talap etdi. Ol galplykda we bähbitleriň çaknyşygynda günälenýär.

Guramaçylar 4-nji iýunda Wenseslas skwerinde gurnalan proteste 120 müň adamyň gatnaşandygyny aýdýarlar, bu 1989-njy ýylda kommunizmiň soňlanmgyna getiren Mahmal rewolýusiýasyndan bäri guralan iň uly demonstrasiýa hasaplanýar.

Prokurorlar Babişi 2018-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň 2.24 million dollar möçberindäki subsidialaryny nädogry ulanmak bilen baglanyşykly bolmakda aýypladylar.

Bu ýerde mesele ÝB subsidialaryny alan firmanyň eýeçiliginiň soňra üýtgedilmegi bilen bagly, ol ilki Babişe we onuň maşgalasyna degişli, 250 çemesi kompaniýany içine alýan Agrofert kompaniýalar toplumyna degişli eken.

Bu subsidialar aslynda orta we kiçi bizneslere niýetlenen, Agrofert bolsa ony almaga hukukly bolardan has uly.

64 ýaşyndaky Babiş “Forbes” žurnalynda çeh raýatlarynyň arasynda ikinji baý hökmünde görkezilýär, onuň baýlygy emläkleri bilen$3.7 milliard hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG