Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näsaglaryny öldürmekde günäli tapylan şepagat işgäri ömürlik tussaglyga höküm edildi


Hoegel ýedi aýa çeken suduň soňunda öz eden işi üçin ötünç sorady.
Hoegel ýedi aýa çeken suduň soňunda öz eden işi üçin ötünç sorady.

Germaniýanyň demirgazygyndaky Oldenburg şäheriniň sudy ozalky şepagat işgärini öz näsaglarynyň 85-sini öldürmekde günäli tapyp, ömürlik tussaglyga höküm etdi.

Sudýa Sebastian Buehrmann 42 ýaşyndaky Niels Hoegeliň adam öldürmelerini “akyla sygdyryp bolmajak iş” hökmünde häsiýetlendirdi.

Ol Oldenburg we golaýdaky Delmenhorst şäherlerindäki hassahanalarda çem geldik esasda saýlanan näsaglary 2000-2005-nji ýyllar aralygynda, jenaýat üstünde tutulýança ölüm netijeli sanjym arkaly öldürip gelipdir.

Prokurorlar Hoegeliň näsaglary özüne getirjek bolýandan bolup, ýa ýüregi gysmadan, ýa-da kärdeşlerine hünär ussatlygyny görkezmek üçin, näsaglary sanjym edip ]öldürendigini aýtdylar.

Hoegel ýedi aýa çeken suduň soňunda öz eden işi üçin ötünç sorady.

XS
SM
MD
LG