Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Sudan işine daşardan gatyşmazlyga, Waşington zorlugyň bes edilmegine çagyrýar


Protestçiler. Sudan, 5-nji iýun, 2019.
Protestçiler. Sudan, 5-nji iýun, 2019.

Uly derejeli rus diplomaty Moskwanyň Sudandaky wakalara “islendik daşary ýurt gatyşmasyna” garşydygyny aýtdy. Sudanda şu hepde harbylaryň protestçilere garşy gören çäreleri netijesinde 100-den gowrak adam öldürildi.

Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanow 6-njy iýunda afrikan ýurdundaky krizisi çözmek üçin dialog we eglişik zerur diýdi.

"Tebigy zat, muny gazanmak üçin düzgün-tertibiň ýola goýulmagy gerek, onsoň sen ekstremizme we ýagdaýy durnuksyzlaşdyrýan bozgaklara garşy söweşmeli bolarsyň” diýip, Orsýetiň RIA habarlar gullugy Bogdanowyň sözlerini sitirledi.

Ol haýsy güýçleri ekstremistler we bozgaklar hasaplaýandygyny aýtmady.

"Biz ähli meseläniň ylalaşyga daýanýan milli dialog esasynda çözülmeginiň tarapynda” diýip, TASS habar gullugy onuň sözlerini sitirledi.

"Biz daşardan islendik goşulma, sudanlylaryň boýnuna islendik dakylma garşy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýetden tapawutlylykda, Birleşen Ştatlar Sudanyň harby dolandyryjylarynyň protestçileri ganly basyp ýatyrmagyny ýazgardy we “zorlukdan saklanmaga”, raýat-geçiş toparynyň ýolbaşçylygyndaky toparlar bilen aragatnaşygy dikeltmäge çagyrdy.

“Birleşen Ştatlar ýakynda Sudanda protestçilere edilen hüjümleri ýazgarýar” diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi Morgan Ortagus 5-nji iýundaky beýanatynda aýtdy.

3-nji iýunda goşunlar we ýarym harby güýçler paýtagt Hartumdaky protest lagerine reýd geçirdi. Oppozisiýa goldawçylary bu ýerde demokratiýa geçişe çagyrmak üçin ýygnanypdylar.

Sudanly protestçileri basyp ýatyrmak üçin goşunlar we ýarym harby güýçler tarapyndan görlen iki günlük çäräniň dowamynda altmyş adam öldürildi diýip, doktorlar birleşigi 5-nji iýunda habar berdi.

Sudanly lukmanlaryň merkezi komiteti Hartumdaky bir hepdelik oturma protestini dargytmak üçin 3-nji iýunda başlanan çäreleriň dowamynda ozal 40 adamyň öldürilendigini habar beripdi.

Lukmanlar birleşiginiň maglumatyna görä, basyp ýatyryşyň dowamynda 300-den gowrak adam ýaralandy. Şol bir wagtda, Geçiş harby geňeşi ýurduň köp böleginde interneti kesensoň, pidalaryň anyk sanyny bilmek mümkin bolup görünmeýär.

Bu zorlukdan soň, prezident Omar al-Başir häkimiýetden çetleşdirileli bäri tas iki aýa golaý ýurdy dolandyran Geçiş harby geňeşi esasy oppozisiýa ýaranlygy, Azatlyk jarnamasy we Özgeriş güýçleri bilen ylalaşygy ýatyrdy.

Harbylar 4-nji iýunda saýlawlaryň dokuz aý içinde geçirilmelidigini aýtdylar, bu plan oppozisiýa tarapyndan bada-bat ret edildi we olar harbylaryň häkimiýetden çekilmegi üçin boýun egmezlik kampaniýasynyň dowam etdiriljegini aýtdylar.

Geçiş harby geňeşi 11-nji aprelde, Başir aýlap dowam eden protestlerden soň häkimiýetden agdarylanda häkimiýet başyna geldi.

75 ýaşyndaky Başir 1989-njy ýylda, harby agdarylyşyk esasaynda häkimiýete gelip, ýurdy barha ýokarlanan awtokratik usulda dolandyrdy.

Media çeşmeleriniň maglumatyna görä, dolandyryjy Geçiş harbylar geňeşi bilen demokratiýa wagyzçylarynyň arasynda bolan hepdelik gepleşiklerden soň edilen hüjümlerde 108 adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG