Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda ýene-de partlama boldy, öldürilen esgerleriň sany alta ýetdi


Kwetta metjidiniň golaýynda partladylan maşyn barlanýar. Arhiw suraty
Kwetta metjidiniň golaýynda partladylan maşyn barlanýar. Arhiw suraty

Pakistanda 8-nji iýunda ýol ýakasynda bomba partlamasy netijesinde iki esger öldürildi we üç esger ýaralandy, bu Demirgazyk Wazirstanda ýakyn wagtda bolan soňky hüjümdir.

Esgerler Boya Degan etrabynda garawulçylyk çekýärdiler, olaryň maşyny elde ýasalan bombanyň üstünden bardy diýip, Pakistan harbylary aýtdy.

7-nji iýunda hem Demirgazyk Wazirstan welaýatynda awtoulaglary elde ýasalan partlaýyjynyň üstünden baran dört esger wepat boldy.

Harby beýanatda aýdylmagyna görä, bu hadysa netijesinde ýene dört esger ýaraly boldy. Partlama Har Kamar şäheriniň golaýynda boldy.

Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri 26-njy maýda şu ýeriň golaýynda Paştun goranyş hereketiniň agzalary bilen çaknyşdylar. Şol hadysada, aýdylmagyna görä, azyndan 13 sany asuda adam, bir esger öldürildi.

Paştun goranyş hereketi esgerleriň protestçileri oka tutandygyny aýtsa, harbylar protestçileriň “terrorçy araçyny” boşatmak üçin howpsuzlyk berkitmesine zabt edendiklerini aýtdy.

PGH Pakistanyň etniki puştunlara gazaply çemeleşýändigini aýdyp, bu ýagdaýa garşy kampaniýa alyp barýar.

XS
SM
MD
LG