Moldowanyň ýerine ýetiriji prezidenti Pawel Filip parlamenti dargatdy we öňki sowet respublikasynyň ýüzbe-ýüz bolan syýasy krizisi sebäpli 6-njy sentýabrda irki saýlary geçirmäge çagyrdy.
Filip bu beýanaty 9-njy iýunda, Konstitusiýa sudy Orsýete tarapdar prezident Igor Dodonyň ygtyýarlyklaryny togtadyp, premýer-minsitriň wezipesini ýerine ýetiriji Filipi prezidentiň wezipesini hem ýerine ýetiriji belländen gysga wagt soňra etdi.
Dodon Filip we onuň ÝB hem-de ABŞ bilen ýakyn gatnaşyklary ileri tutýan hökümeti bilen ýygy-ýygydan çaprazlyk ýagdaýyna düşýärdi.
Paýtagt Kişinýowda 8-nji iýundan bäri ýüzlerçe adam köçelere çykdy, olar Dodona garşy protest bildirip, Konstitusiýa sudunyň kararyna goldawlaryny görkezýärler.
Bu ýygnanyşyk Moldowanyň iň baý adamy Wlad Plahotniýuk tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Demokratik partiýa tarapyndan gurnaldy.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!