Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň daşary işler ministri Tährana sapar edýär


Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Mass
Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Mass

Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Mass 2015-nji ýylda Eýran bilen dünýäniň iri döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyny saklap galmagyň ugurlaryny maslahat etmek üçin, eýran resmileri bilen duşuşýar.

Maasyň Tähranda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif we prezident Hassan Rohani bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Maas saparynyň öňüsyrasynda gepleşikleriň üsti bilen ylalaşygy saklap galmak boýunça “konstruktiw ýollaryň” tapyljakdygyna umyt bildirdi.

Zarif munuň bilen baglylykda “hyzmatdaşlaryň anyk hereketlerini görmek isleýändigini” aýtdy.

Geçen ýylyň maýynda ABŞ ylalaşykdan çykyp, Tährana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizipdi.

Mundan soň, ylalaşyga gol goýan günbatar ýewropa ýurtlary, ýagny Fransiýa, Britaniýa we Germaniýa ylalaşygy saklap galmak ugrunda tagalla edip başladylar.

Tramp ylalaşygyň şertleriniň Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinmeginiň öňüni almak üçin ýeterlik däldigini, şeýle-de onuň bu ýurduň raketa programmasyny, sebitde jeňçilige berýän goldawyny öz içine almaýandygyny aýdypdy.

Eýran jeňçileri goldamaýandygyny we ýadro programmasynyň raýat energiýa maksatlaryna gönükdirilendigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG