Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gürjüstandan bölünen Günorta Osetiýada parlament ‘saýlawlary’ geçdi


Günorta Osetiýada sesler sanalýar. 9-njy iýun

Gürjüstanyň öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Günorta Osetiýa regionynda kanun çykaryjy organyna saýlawlar geçirildi.

Öz-özüni Günorta Osetiýanyň prezidenti diýip yglan eden Anatoliý Bibilow ses berijilere ýüzlenip “dogry karary” kabul etmäge çagyrdy. Sebitde işsizligiň we garyplygyň ýokary derejeleri saklanyp galýar.

34 orunlyk milli parlament diýlip atlandyrylýan gurluşa umumy hasapda 98 kandidat dalaşgärlik etdi.

Gürjüstanyň Daşary işler ministrligi ses berilişigi ýazgardy. Ol Günorta Osetiýadaky “parlament saýlawlary diýlip atlandyrylýan çäreleriň” Gürjüstanyň özygtyýarlylygyny we territorial bütewiligini bozýandygyny belledi.

Ýewropa Bileleşigi saýlawlaryň netijeleri boýunça ýüze çykjak “konstitusion we kanuny esaslary” ykrar etmejekdigini mälim etdi.

Günorta Osetiýanyň Saýlaw komissiýasynyň beren maglumatyna görä, deslapky netijelere laýyklykda sesleriň aglabasyny Birleşen Osetiýa partiýasy almagy başarypdyr.

Ses berilişige ses bermäge hukuky bolanlaryň 65%-i gatnaşypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG