Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Meniň günüm ir 6-dan başlanýar”. Gyrgyz atalary çagalary terbiýelemäge nähili gatnaşýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanda atalaryň diňe 11% çagalaryny terbiýelemekde maşgalasyna kömekleşýär. Bu maglumat 2018-nji ýylda Gyrgyzystanda çagalaryň hem eneleriň ýagdaýyny köptaraplaýyn öwrenýän barlaglar netijesinde anyklanyp, ÝUNISEF tarapyndan çap edildi. Jemgyýetiň 24 ugruny öz içine alýan ol barlagda, eneleriň we täze doglanlaryň saglygyny goramak, suw üpjünçiligi hem doglanlary hasaba almak ýaly ugurlar bar.

Bilermenleriň pikirine görä, atalaryň çagalaryň terbiýesine gatnaşmagy beýik däl. Näme üçin her on atadan biri maşgala aladasyny aýaly bilen paýlaşýar?

Çagany terbiýelemek hem aýalynyň öý-hojalyk işlerine hakyky ýardan berýän atalaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk.

«Her gün ir ertir 5.30 – 6-da başlanýar…»

Timur Mamytow 33 ýaşynda. Çagasy dünýä inýänçä Timur psihologiýa hem biznes-edebiýaty bilen gyzyklanypdyr. Ýöne bu güýmenjesini goýmaly bolupdyr. Sebäbi wagt ýetmezçiligi, ol wagtynyň köp bölegini ekiz ogullary bilen geçirmeli bolýar.

Timur Mamytow
Timur Mamytow

– Gyrgyzystanyň ölçegi bilen men giç öýlendim. Şonuň üçin çagany planlaşdyrmak bizde akylly-başly ýola goýuldy. Entek çagamyz dünýä inmänkä, çaga seretmegiň ýarym aladasyny öz üstüme aljakdygyny aýtdym. Maşgalamyz çaganyň dogulmagyna hem ahlak taýdan , hem maliýe taýdan taýýar boldy. Ýöne birden ekizleriň dünýä inmegi biz üçin garaşylmadyk ýagdaý döretdi. Men owal başda aýalym çaga dogranynda, onuň ýanynda bolaýyn diýdim. Ilkinji pursatda, eýýäm ondan suw gidip başlanyndan, onuň ýanynda boldum.

Bir bada ekizleri dogurmak, olary kabul etmek ýeňil bolmady. Ahyrynda çagalary kesip aldylar. Çagalar dünýä inen badyna, olary getirip meniň gujagyma berdiler. Ilkinji çaga derrew uklady, ikinjisi bolsa ejesiniň emmesini gözleýärdi. Ol tas elimden gaçypdy. Maňa bolsa gymyldamak howply göründi, belli bir wagt içinde men dem almamy hem bes etdim. Şeýlelikde, soňky üç günüň dowamynda, aýalym narkozdan saplanyp başyny dikleýänçä, olar seretmeli boldum. Elbetde, bu agyr boldy, iň esasy-da ýeterlik ukymy alyp bilmedim. Keselhanada wagtymyzda olary naharlamak hem iki çaganyň pamperslerini çalşyryp durmak, öz hajatlaryňy hasaba almazdan, her günde 80 gezek oturyp-turmak gerek boldy. Häzir meniň ogullarym 11 aýlygynda, olar indi başgaça. Öň olary kolýaskada ýatyryp, tutuş şäheri gezýärdim, indi ýatanoklar, töwerek-daşyna seredýärler, dünýäni öwrenýärler.

Men aýalyma öýdäki ähli işleri bölüşjekdigimi aýdypdym, şol sözümde-de durdum. Gerek bolsa öý-içerini ýygnaşdyrýan. Biziň enekämiz bar, eger ol aýalym bilen işlere ýetişmese, men kömek bermäge taýýar. Bilýäňizmi, içerini ýygnamak aýyp däl, hapalykda ýaşamak aýyp. Meniň bir başarmaýan zadym – nahar taýýarlamak.

Timur Mamytow maşgalasy bilen
Timur Mamytow maşgalasy bilen

Мen öz günümi nähili bölýändigimi-de aýdaýyn. Gün 5:30 – 6-dan başlanýar. Çagalar oýanýarlar, men olary naharlaýan-da (olara biz emeli iýmit berýäs), takmynan 9:00 çenli olar bilen bolýan. Şol wagta çenli enekämiz gelýär, men bolsa işe gidýän. Işden gaýdyp gelenimden soň, agşam dokuza çenli olar bilen gezelenç edýän. Çagalar bolaly bäri meniň özüme hem güýmenjelerime sarp edýän wagtym azaldy. Ruhy taýdan ýadamazlyk üçin, aýalym bilen gepleşip, şenbe güni agşam aýalymy hem çagalarymy gaýynymyň öýüne äkidýän. Soň men boş, islän zadymy edip bilýän. Bazar güni irden olary öýe getirýän. Şol güni aýalym boş, ol gözellik salonyna gidip bilýär, joralary bilen gürleşmäge wagt tapýar, men bolsa çagalara seredýän. Perzendiň özüň üçin nähili gymmatdygyny duýsaň, çaga bilen oýnamak aýratyn bir keýp.

"Geljek 21-nji asyrda-da çaga hukuklarynyň bozulmajagy belli däl"

Daniýar Amanaliýew – işi şowly barýan işewür. Ol hem maşgalany, ýagny çaga dogluşyny planlaşdyrmagyň gerekdigini aýdýar. Onuň pikiriçe, maşgalany gurmak örän çynlakaý hem jogapkärli ädim.

– Meniň iki oglum bar, olar 17 hem 19 ýaşynda, gyzym bolsa 7 ýaşynda. Azyndan hepdede üç gezek olary mekdebe äkidýän, kiçimizi suwa düşürýän. Olary ýatyrmak aladasyny özüm edýän, her gün ýatmazdan öň kitap okap berýän. Göwnüme bolmasa, men çagalara has golaý durýan, olaryň kim bilen dostlaşýanyny, wagtyny nämä geçirýändiklerini bilýän. Çagalar kiçi wagtynda, beýleki hossarlarda bolşy ýaly bizem dürli päsgelçiliklere ýüzbe-ýüz bolduk. Meselem, çagalar wagtynda ýatmaga gitmeýärler. Mekdepde bir mugallymanyň bize düşündirişi ýaly, 3-5 ýaşyndaky çaga her günde 12 sagat uklamaly. Sebäbi olaryň beýnisi çakdan-aşa köp zady kabul edýär, onuň dynjy üçin köp wagt gerek. Diýmek, şol ýaşda çaga az uklasa, onuň intellektual ukyby doly güýjünde açylmaýar.

Biz şeýle sistemany düzdük; çagalar agşam 20:30 ýatsalar, biz bir düşegi kagyza çyzýas. Eger 21 çaga düşegi çekilse, olar islän zadyny alyp bilýärler. Çagalar hemişe köp oýunjak almagy halaýar ahyryn, biz bolsa olara ýöne ýere oýunjak almajakdygymy aýtdyk – oýunjagy çaganyň özleri gazansyn. Bu gowy netije berdi. Çagalar şu usul bilen harplary öwrendiler, özara dawalaşmagy bes edip, ylalaşykly bolmagy öwrendiler. Biz olara ençeme gowy endikleri öwretdik. Ýöne çakdan aşa geçmeli däl, biz olary çagalaryň endigine girmegi üçin edip, wagtynda saklandyk. Sebäbi çaga bütin ömrüne sowgat almaga öwrenmeli däl.

Çagalar özüni hemişe gowy alyp baranoklar, olaryň aýdylany diňlemezligine nähili garaýaňyz?

– Geljek 21-nji asyrda-da çaga hukuklarynyň bozulmajagy belli däl, ýogsam bolmasa bu täze asyrda her bir adamyň ukyby onuň girdejisiniň esasy çeşmesi bolup durýar. Elbetde, çagalar yzygiderli düzgüni bozup durýarlar, men muny kadaly ýagdaý hasap edýän. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, biz munuň öňüni alar ýaly, onuň näme üçin beýle bolandygyny maslahatlaşýas; düzgüni üýtgetmelimi ýa-da olara bolan çemeleşmek usulyňy?

Men hiç haçan çagalarymy urmadym. Güýç ulanmagyň haýsydyr bir maksada ýetmek üçin iň ýaramaz usuldygyny ähli maşgalalar bilýär. Biz çagany ursak, ony güýje tabyn bolmaga mejbur edýäs. Eger ol güýji ýetse, haçandyr bir wagt güýç ulanmaga haky bolýar we ol adama garşylyk görkezip biler. Meniň çagalarym gara güýje hiç bir garşylyksyz boýun egseler ýa-da öz güýji bilen başgalary tabyn etseler, muňa utanardym.

Köplenç çagalary urmajak bolup, güýç ulanmagyň beýleki köp görnüşlerini peýdalanýandygymyza düşünmegimiz gerek. Meselem, çaga aýdylany äsgermese, bu oňa utanç hem agyr degýändigini men golaýda bilip galdym. Aslynda äsgermezligiň özi çaga garşy ulanylýan iň ýiti hem agyr zorluk. Biz öz hereketimizdäki fiziki zorlugy däl, zorluk ulanmagyň ähli görnüşini nazardan geçirmegimiz gerek.

Meniň pikirimçe, ýaponiýaly Masaru Ibukanyň «Üçden soň eýýäm giç» kitabyny her bir ata-enäniň okamagy gerek. Şeýle hem Tatýana Çernigowskaýanyň leksiýalaryny diňlemek peýdaly.

«Hem oglanlar, hem gyzlar ata jemgyýetine mätäç»

Мarafonçy Nurşat Ababakirow hem «Üçden soň eýýäm giç» kitaby okamagy maslahat berýär. Nurşadyň iki çagasy bar – ogly hem gyzy. Är-aýal owal başda çagalary bile terbiýelemegi, gezekleşip çagalara seretmegi maslahat edipdirler.

– Entek aýalym göwrelikä, çaganyň terbiýesinde ikimiziň hem ornumyzyň bolmalydygyny gepleşdik. Biz çagalar bilen açyklyk hem birek-birege ynanyşmak usulyny saýlamagy maksat etdik. Owal başda aýalym bilen çaga elde ýatmalymy ýa-da özbaşdak bolmalymy diýen ýaly zatlara çenli maslahatlaşdyk.

Meselem, biziň agşam sagat dokuzdan soň öz wagtymyz bolmaly diýdik. Agşam 8-ler çemesi olary ýatmaga taýýarladyk. Gyzymyzy ýatyrsak, onuň özi uklap bilýär. Şeýdip 4 aýlygyndan çaganyň tutuş gije, 9-dan 5-e çenli uklamagyny gazandyk. Meniň pikirimçe, ene-atanyň hem dem-dynç almagy üçin bu möhüm.

Çaga doglandan soň ilkinji aýlarda mümkin boldugyça aýalyma kömekleşmäge çalyşdym. Çaga seredişmek üçin, zähmet rugsadyny aldym.

Çagaňyzy haýsy usul boýunça terbiýelemek isleýäňiz ýa-da siziň öz usulyňyz barmy?

– Biziň maşgalamyzda 4 dogandyk. Ulymyz ir wagtdan okuwa diýip, daşary ýurda gitdi. Ol bize mydama görelde boljagyny aýtdy. Uly çaga öz hossarlarynyň tejribesine eýerýär, ondan kiçileri bolsa şoňa garaýar. Şonuň üçinem ilkinji çagany dogry terbiýeläp ýetişdirmek örän kyn hem möhüm mesele. Meniň uly oglum 6 ýaşynda, onuň gowy akademiki ýetişigi bar, ol iňlis dilinde erkin gürläp bilýär. Her gezek mekdepden gelende, täze söz aýdýar, meselem, bogomol näme. Okuwa gatnaýan wagtynda biz oňa telefon beremizok. Şenbe hem bazar günleri biz tutuş wagtymyzy çagalar bilen geçirýäs, şonuň üçin ol günlerde-de telefon bermejek bolýas. Aýalym bilen men hem çagalar üçin, hem biz üçin wagtyň gyzykly geçmegine çalyşýas – diýip, Nurşat gürrüň berýär.

Gyrgyzystanda şeýle düzgün bar, erkekler aýaly bilen deň dekret – çaga dogrulyş rugsadyny almaýarlar, sebäbi bu erkekleriň işi däl saýylýar. Ösen ýurtlarda, meselem, Norwegiýada çaga seretmek üçin erkeklere 12 hepdelik aýlyk haky tölenýän zähmet rugsady bar. Norwegiýanyň Zähmet statistika býurosyndan Lappegordyň media beren interwýusynda aýtmagyna görä, döwletiň şeýle ýeňillik bermegi atalaryň ýaş çagalaryň terbiýesine has aktiw gatnaşmagyna itergi beripdir, munuň özi çaga bilen atanyň arasyndaky gatnaşygyň gowy bolmagyna ýardam edipdir. Hem oglanlar, hem gyzlar ata jemgyýetine – onuň bilen bile bolmaga mätäç. Norwegiýanyň şol statistiki býurosynyň bellemegine görä, ata aladasyny ýeterlik alan çagalar özlerine has ynamly bolýarlar. Olarda artykmaç howsala düşmek ýok, kompleksleriň – dar çäkli ýetmezçilikleriň derejesi pes bolýar. Şonuň üçin çaganyň durmuşynda atanyň orny möhüm. Çaganyň terbiýesine, onuň ukybynyň ösmegine, gowy endiklere eýe bolmagyna ata bimöçber goşant goşup bilýär.

Asipa Altymyşewa.

Redaksiýadan: «Şahsy pikir» rubrikasynda berilýän material Azatlygyň garaýşyny aňlatman biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG