Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Içeri işler ministrligi Golunowa garşy gozgalan işi ýapdy


iwan Golunow
iwan Golunow

Iwan Golunowy jogapkärçilik çekmekden boşatmak boýunça karar kabul edildi diýip, Russiýanyň içeri işler ministri Wladimir Kolokolsew mälim etdi.

Eden etmişiniň subut edilmezligi bilen baglylykda žurnalist jogapkärçilik çekmekden boşadyldy diýip, “Interfaks” ministriň sözlerini getirdi.

Golunow öý tussaglygyndan eýýäm sişenbe güni 11-nji iýunda azat ediler.

“Meduza” neşiriniň derňew boýunça ýöriteleşen ýörite habarçysy 6-njy iýunda Moskwada saklandy. Oňa neşe serişdelerini satmaga synanyşmakda aýyplama bildirildi; hamala, gadagan edilen neşe serişdesiniň birnäçe gramynyň onuň üstünden tapylandygy öňe sürüldi.

Žurnalist aýyplamalary ret etdi. Ekspertiza barlagy žurnalistiň ganynda neşe serişdelerine duş gelmedi.

Golunowyň kärdeşleri onuň günäsizdigini hem-de oňa garşy gozgalan işiň toslamadygyny aýtdylar. Ol kazyýetde eden çykyşynda Moskwadaky ýas dessurlaryna degişli biznez işleri boýunça alyp barýan derňewi bilen baglylykda özüne haýbat atylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG