Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Polşada “1000 töweregi” kän harby gullukçy saklamaga razy boldy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp polýak kärdeşi Andrzej Duda bilen görüşýär. Waşington, 12-nji iýun, 2019.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp polýak kärdeşi Andrzej Duda bilen görüşýär. Waşington, 12-nji iýun, 2019.

Birleşen Ştatlar Polşada “1000 töweregi” kän harby gullukçy saklamaga razy boldy, sebäbi Gündogar Ýewropa döwleti özüne Orsýet tarapyndan abanýar diýip hasaplaýan wehimine garşy durmaga çalyşýar.

Emma muňa garamazdan, prezident Donald Tramp tarapyndan 12-nji iýunda gol çekilen ABŞ-Polşa jarnamasy muny hemişelik goşun saklamak diýip atlandyrmakdan saklanyp, Kremliň öz günbatar serhetlerine golaýda has uly ABŞ harbylarynyň ýerleşdirilmeginden alada galmak ähtimallygyny azaltdy.

Tramp biraz öň Polşadaky ABŞ güýçleriniň köpeldilmeginiň Germaniýanyň zyýanyna boljakdygyny aýtdy. Ol öň Germaniýany NATO goragy üçin az harajat çykarmakda, rus gazy üçin köp harajat çykarmakda tankytlapdy.

“Biz olary Germaniýadan çykaryp, ýa-da başga bir ýerden göçürip getireris. Bu Ýewropadaky goşmaça goşunlar bolmaz” diýip, Tramp bu ylalaşyga gelinmeginiň öň ýanyndan aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Germaniýada 52,000 esgeri bar diýip, Tramp aýtdy. Orsýetiň 2014-nji ýylda Krymy anneksiýa etmegine we Moskwanyň gündogar Ukrainadaky separatistlere goldaw bermegine jogap edip, geçen birnäçe ýylda Polşada gezekli esaslarda4 ,500 ABŞ esgeri ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG