Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Telekommunikasiýalar we informatika instituty döredildi


Türkmenistanda bir ýokary okuw jaýynyň girişi. Illýustrasiýa suraty.
Türkmenistanda bir ýokary okuw jaýynyň girişi. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji iýunda Ylymlar akademiýasynda geçiren maslahatynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakynda permana gol çekdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, täze instituty döretmek bilen ýurtda “senagat we kommunikasiýa toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak”, “maglumat-aragatnaşyk serişdelerini kämilleşdirmek” hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak maksat edinilýär.

Prezident täze institutyň rektory wezipesine Nurnepes Kuliýewi belledi.

Resmi maglumata görä, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň işi bes edildi hem-de täze döredilen institut onuň oruntutary hökmünde kesgitlenildi.

XS
SM
MD
LG