Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Gazagystanyň protestçileri basyp ýatyrmagyny ýazgarýar


Protestçi aýaly tussag edýän gazak ofiserleri. 12-nji iýun, 2019.
Protestçi aýaly tussag edýän gazak ofiserleri. 12-nji iýun, 2019.

Gazagystanda 9-njy iýunda geçirilen irki prezident saýlawlary bilen baglylykda guralan protestler we ýygnanyşyklar mahalynda ýüzlerçe adam tussag edileninden soň, BMG-niň Adam hukuklary edarasy gazak häkimiýetlerini “parahatçylykly ýygnanyşmak, pikir aýtmak we syýasy gatnaşyk azatlyklaryny hormatlamaga” çagyrdy.

"Gazagystanyň 9-njy iýunda geçirilen prezident saýlawlary mahalynda we saýlawdan soň parahat protestçilere, aktiwistlere we žurnalistlere garşy gören çäreleri örän gynandyryjy” diýip, BMG-niň Adam hukuklary edarasynyň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ryszard Komenda aýtdy.

"Pikir aýtmak azatlygy we parahatçylykly ýygnanyşmak rowaç we depginli ösýän jemgyýetiň gurluşyk sütünleri bolup durýar. Olary zerurlyk ýok ýerinden we düzüwli esaslandyrmazdan çäklendirmäge çalyşmakdurnuklylyk hem-de sosial jebislik üçin töwekgelçilikleri döredýär” diýip,Komenda nygtady.

Gazagystanyň ‘bidüzgünçilikler’ bilen utgaşan prezident saýlawlaryndan soň ýene onlarça adam tussag edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:35 0:00

Nur-Soltandaky, Almatydaky we Gazagystanyň beýleki şäherlerindäki demonstrantlar prezident saýlawlarynyň resmi netijelerine garşy protest bildirdiler. Merkezi Saýlaw komissiýasynyň resmi netijeleri ozalky awtoritar prezident Nursoltan Nazarbaýaew tarapyndan saýlanyp-seçilen Kasym-Žomart Tokaýewiň saýlawlarda ýeňiji bolandygyny tassyklady.

Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň wekili Saparbek Nurpeisow 13-nji iýunda Nur-Soltanda žurnalistlere protestçileriň ýygnanyşyklarynyň “bikanun” bolandygyny, sebäbi olara häkimiýetler tarapyndan ygtyýarnama berilmändigini aýtdy.

Nurpeisow tussag edilen 957 adamyň “jezalandyrylandygyny”, ýagny olaryň 670 sanysynyň 6-16 gün aralygynda türme tussaglygyna höküm edilendigini, 115 adama jerime salnandygyny, 172 adama bolsa, “bikanun” hereketlere goşulmazlyk barada resmi duýduryş berlendigini aýtdy.

BMG-niň Adam hukuklary edarasy "syýasy ynançlary we nägilelikleri parahatçylykly we kanuny ýagdaýda aýdandyklary üçin tussag edilen we ýazgarylan adamlaryň möçberiniň düýpli bolmagyndan” alada bildirdi.

"Bu Gazagystanyň halkara adam hukuklary boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna görnetin gapma-garşy gelýär” diýip, Komenda aýtdy.

"Men Gazagystany özüniň parahatçylykly ýygnanyşmak, pikir aýtmak azatlygy hukuklaryny hormatlamak we goramak baradaky kanuny borçlaryny berjaý etmäge, aňly-düşünjeli syýasy gatnaşyk hukugyny üpjün etmäge çagyrýaryn” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG