Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan sudy Assanjyň sud diňlenişiginiň 2020-nji ýylda geçiriljekdigi barada karar çykardy


WikiLeaksi esaslandyryjy Julian Assanj
WikiLeaksi esaslandyryjy Julian Assanj

Britan sudy WikiLeaksi esaslandyryjy Julian Assanjy Birleşen Ştatlara ibermek ýa-da ibermezlik baradaky doly ekstradisiýa boýunça sud diňlenişiginiň 2020-nji ýylyň fewralynda geçiriljekdigi barada karar çykardy.

14-nji iýunda Londonyň Westminster parahatçylyk sudy tarapyndan çykarylan bu karar, Britaniýanyň içeri işler ministri Sajid Jawidiň Assanjy ekstradisiýa etmek barada Birleşen Ştatlaryň eden haýyşyna gol goýandan bir gün soňa gabat geldi.

47 ýaşyndaky Assanj Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri tarapyndan ABŞ-nyň hökümet kompýuterlerine hüjüm etmäge dildüwşük etmekde we içalyçylyk kanuny bozmakda aýyplanýar.

Häzirki wagt Assanj Londonyň türmesinde saklanýar. Ol Girew aktyny bozmakda 50 hepde türme tussaglygyna höküm edildi.

Assanj 2012-nji ýylda Ekwadoryň Londondaky ilçihanasyndan gaçybatalga alyp, Şwesiýa iberilmekden we jynsy azar bermek we zorluk aýyplamalary boýunça suduň soraglaryna jogap bermezlik üçin girew düzgünini bozdy. Onuň ret eden jynsy zorluk aýyplamalary geçen ýyl ýatyryldy.

XS
SM
MD
LG