Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Tähranyň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygynyň şertlerini doly berjaý etmejegini aýdýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani öz ýurdunyň bu ylalaşyga gol çeken beýleki döwletlerden “oňyn yşaratlar” gelmese, Tähranyň dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro ylalaşygy boýunça alan borçlaryny ýerine ýetirmegini kemeltjekdigini aýtdy.

Rohani bu sözleri 15-nji iýunda Duşenbede, Aziýa liderleriniň sammitinde eden çykyşynda aýtdy. Rohani öz ýurdunyň 2015-nji ýylda ýadro ylalaşygy astynda “öz üstüne alan käbir borçnamalaryny ýerine ýetirmekden saklanmak kararyna gelendigini” aýtdy.

Ol Eýranyň anyk haýsy borçnamalaryny ýerine ýetirmekden saklanjakdygyny ýa-da Tähranyň nähili anyk yşaratlary görmek isleýändigini aýdyňlaşdyrmady.

Eýran maýda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Birleşen Ştatlary ylalaşykdan çykarmak we sanksiýalary gaýtadan girizmek baradaky kararyna jogap edip, käbir borçlaryny ýerine ýetirmegi togtatdy.

“Bu görnetin, Eýran bu ylalaşyga bir taraply baglanyp galyp bilmez” diýip, Rohani rus, hytaý we beýleki aziýa ýurtlarynyň 27 agzaly regional sammiti mahalynda aýtdy.

Ol Tähranyň bu ylalaşyk astyndaky borçnamalarynyň “käbirini berjaý etmegini dowam etdirýändigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG