Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gong Konguň 2014-nji ýyldaky protest lideri azatlyga goýberildi


Joşua Wong tussaglykdan boşadylýar. 17-nji iýun, 2019 ý.

Gong Konguň demokratik aktiwisti Joşua Wong iki aý türme tussaglygynyň ýarpysy gözenegiň aňyrsynda geçireninden soň azatlyga goýberildi. Ol 2014-nji ýyldaky köpçülikleýin protestleri gurnamakdaky roly üçin tussaglyga höküm edilipdi.

22 ýaşly Joşua tussaglykdan çykanyndan soň, häzir Gonk Kongda aýyplanýanlary Hytaýa ekstradisiýa etmäge mümkinçilik berjek kanun taslamasyna garşy geçirilýän protestlere goşuljakdygyny mälim etdi.

Bu kanun taslamasy köpçülikleýin protestleriň fonunda togtadylypdy.

Öten gije polisiýa protestçiler tarapyndan böwetlenen köçeleriň ençemesini açdy.

Protestçiler baş dolandyryjy Karrie Lamyň wezipesinden çekilmegini we ekstradisiýa taslamasynyň müdimilik aradan aýrylmagyny talap edýärler.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG