Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SIPRI: Dünýäniň ýadro arsenaly kemelýär, emma geljek nämälimligine galýar


Russiýanyň Sarmat interkontinental ballistik raketasy.
Russiýanyň Sarmat interkontinental ballistik raketasy.

Dünýäniň iri döwletleriniň eýeçiligindäki ýadro ýaraglarynyň sany geçen ýylyň hasabyna azaldyldy, emma bu ugurdaky tendensiýanyň, Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky “syýasy we harby ara tapawutlylyklar” sebäpli, saklanyp galjakdygy aýdyň däl diýip, belli ylmy-barlag topary maglumat berýär.

Stokgolmyň Halkara Parahatçylyk Ylmy-Barlag Institutynyň, ýagny SIPRI-niň täze ýaýradan ýyllyk hasabatynda 2019-njy ýylyň başynda Russiýanyň, ABŞ-nyň we beýleki ýedi döwletiň eýeçiliginde 13 müň 865 ýadro ýaragynyň bolandygy nygtalýar.

2018-nji ýylda bu görkeziji 14 müň 465-e deň bolupdy.

Munuň esasan – dünýädäki ähli ýadro ýaraglarynyň 90%-ine eýe bolan – Russiýa bilen ABŞ-nyň strategiki ýadro ýaraglaryny azaltmagynyň netijesinde mümkin bolandygy bellenilýär. Bu iki ýurduň arasyndaky Täze START atlandyrylýan ylalaşygyň çäginde amala aşyryldy.

Topar ylalaşygyň, taraplar öz aralarynda ylalaşmasalar, 2021-nji ýylda tamamlanjakdygyna ünsi çekýär.

“Täze START ylalaşygynyň möhletini uzaltmak ýa-da täze şertnamany baglaşmak barada gepleşikler alnyp barylmaýar” diýip, SIPRI-niň Ýadro ýaragsyzlandyrma bölüminiň direktory Şannon Kile maglumat berdi.

XS
SM
MD
LG