Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň ozalky prezidenti Morsi sud otagynda ölenden soň Kairde jaýlandy


Müsüriň wezipesinden gyrakladylan prezidenti Muhammad Morsi. Arhiw suraty

Müsüriň wezipesinden gyrakladylan prezidenti Muhammad Morsi Kairda sud otagynda ýogalandan bir gün soň Kairde topraga berildi. Aýdylmagyna görä, ol içalyçylykda aýyplanyp sud edilýän wagtynda ýüreginden tutup öldi.

Morsiniň maşgala agzalary Kaririň Tora türmesindäki metjitde jynaza namazyna gatnaşdy. Ol Kairiň günbatar etrabyndaky Nasr şäheriniň gonamçylygynda jaýlandy. Morsiniň ogly Ahmed feýsbuk beýanatynda howpsuzlyk agentleriniň Morsini Şarkiýa welaýatynda, öz dogduk şäherinde ýerleşýän maşgala gonamçylygynda jaýlamaga rugsat bermändiklerini aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” topary onuň ölüminiň töweregindäki ýagdaýlaryň, onuň tussaglykda saklanan şertleriniň, saglyk hyzmatyna elýeterliliginiň hemmetaraplýayn we bitarap derňelmegine çagyrdy.

67 ýaşyndaky Morsi häzir gadagan edilen “Musulman doganlygy” hereketiniň ozalky ýokary derejeli şahsyýetidi we Müsüriň demokratiki esaslarda saýlanan ilkinji prezidentidi.

Ol 2013-nji ýylda Müsüriň harbylary tarapyndan häkimiýetden çetleşdirileli bäri türmede saklanylýardy.

“Musulman doganlygy” müsür häkimiýetlerini Morsiniň, öz sözleri bilen aýdylanda, “bilkastdan haýallyk bilen ölmeginde” jogapkär hasaplaýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG