Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parlament Almazbek Atambaýewň garşysyna komissiýanyň gelen aýyplamasyny goldaýar


Almazbek Atambaýew (ortada)
Almazbek Atambaýew (ortada)

Gyrgyzystanyň Žokorky Keneşi (parlamenti) öňki prezident Almazbek Atambaýewi jenaýata çekmek meselesi boýunça deputatlar komissiýasynyň ony eldegrilmesizlik hukugyndan mahrum etmek barada gelen kararyny goldady. Ony goldap 100 deputat ses berdi, garşy çykanlar – 5. Şol wagt hasapda durýan 105 deputat.

Şeýlelikde, parlament «Gyrgyzystan Respublikasynyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň garşysyna jenaýat işini gozgamak üçin, ony eldegrilmesizlik statusyndan mahrum edýär» diýen karary kabul etdi. Bu dokumenti 5 deputat goldamady.

Bu dokumenti deputatlar Anwar Artykow, Asel Koduranowa, Irina Karamuşkina, Karamat Orozowa hem Alfiýa Samigullina goldamadylar.

Komissiýanyň başlygy, «Ata meken» toparynyň agzasy Kanybek Imanaliýew mundan öňki eden çykyşynda, Atambaýewi eldegrilmesizlik statusyndan mahrum etmek işi iki hepdä çeker diýipdi.

“Kosmosda uçjak kosmonawt on ýyl taýýarlanýar, ol uçup gelensoň skafandryny aýyrmak üçin, bir minut ýeterlik. Bize syýasy kosmonawtyň skafandryny aýyrmak üçin, iki hepde gerek boldy. Biz iki aýlap işlemeli bolsa näderdik? Onda näme üçin işi yza çekýäňiz, siz Atambaýewi goldaýaňyzmy diýip, syýasatçylar bizi tankytlardylar” diýip, Imanaliýew aýdýar.

Şonuň bilen birlikde ol deputatlar komissiýasynyň eks-prezidente garşy aýyplama mälim edip bilmejegini, onuň diňe şübhe bildirilýän ýagdaýlara baha berendigini aýtdy.

SDPK toparynyň agzasy Irina Karamuşkina öz çykyşynda Atambaýewi “yzarlaýan” kärdeşlerini tankytlady. Onuň sözüne görä, öňki prezident Kurmanbek Bakiýewiň maşgala toparynyň garşysyna beýle inisiatiwa görkezmändiler.

“Olar ýom-ýok boldular, siz dymdyňyz. Bakiýewlere garaýşyňyz şeýle boldy. A. Atambaýew jogap bermäge taýýar bolup ýurtda galdy – siz oňa batyrlandyňyz. Men Žokorky Keneşiň karary barada biziň deputatlarymyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde atma-at aýdylmagyny soraýan. Munuň özi örän aýdyň bolar. Ol atlaryň geljekki nesli muny bilerdiler. Täze taryh üçin bu örän möhüm” diýip, I. Karamuşkina aýtdy.

18-nji iýunda ŽK-niň iki komiteti komissiýanyň Atambaýewiň garşysyna bildiren aýyplamasyny goldady. Indi komissiýanyň gelen karary parlamentiň umumy öýünde seredilmeli. Komissiýanyň başlygy Kanybek Imanaliýewiň žurnalistlere aýtmagyna görä, eks-prezidenti eldegrilmesizlik hukugyndan aýyrmak işi 8 tapgyrdan geçmeli:

  1. inisiatiwa toparynyň haty;
  2. ŽK-niň degişli komitetiniň gelen karary;
  3. komissiýa döretmek
  4. degişli komitetleriň komissiýanyň gelen kararyna seretmegi
  5. komissiýanyň hem degişli komitetleriň gelen kararyna parlamentiň umumy öýünde garamak
  6. Baş prokuraturanyň kesgitlemesi
  7. Baş prokuraturanyň kesgitlemesine parlamentde seretmek
  8. eks-prezidentiň eldegrilmesizlik satusyny aýyrmak ýa-da aýyrmazlyk barada parlamentiň karary

Owal başda komissiýa Almazbek Atambaýewiň garşysyna 9 aýyplama bildirdi, soňra maslahatlaşyp, olaryň 3-si Atambaýewiň prezidentlik möhletine laýyk gelmeýär diýip, 6 aýyplamada saklandylar.

Komissiýanyň aýyplamalary gysgaça şeýle:

  1. Deputatlary, sudýalary, jemgyýetçilik aktiwistlerini hem KHS-ni yzarlamak.
  2. Kriminal awtoriteti Aziz Batukaýewi bikanun boşatmak.
  3. Koý-Taş obasynda bikanun ýer alyp, Atambaýewiň özüne jaý gurmagy.
  4. «Aka Petroleum» hem «AKA Inwest» kompaniýalary bilen baglanyşygynyň bolaýmagynyň mümkinligi.
  5. Bişkek TES-niň täzeleniş işindäki korrupsiýa.
  6. Bişkek TES-i üçin getirilen kömrüň bikanunlygyna dahylly bolmagynyň mümkindigi.

Esk-prezident Almazbek Atambaýewiň tarapynda bolan SDPK partiýasy komissiýanyň döredilmeginiň kanuny däldigini mälim edýär.

XS
SM
MD
LG