Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisiniň polisiýasy gözegçiligi ele aldy, protestçiler dolanmagy wada berdiler


Adamlar rus deputatynyň gelip, Gürjüstanyň parlament binasynyň içinde spikeriň ornuna geçip oturmagyna gahar etdiler.
Adamlar rus deputatynyň gelip, Gürjüstanyň parlament binasynyň içinde spikeriň ornuna geçip oturmagyna gahar etdiler.

Gürjüstanyň paýtagtynda gije protestlerinden soň daň atdy, pitnä garşy polisiýa şäherde doly kontrollygy öz eline alana meňzeýär.

Adamlar rus deputatynyň gelip, Gürjüstanyň parlament binasynyň içinde spikeriň ornuna geçip oturmagyna gahar etdiler. Oppozisiýa liderleri 21-nji iýun güni irden Tbilisiniň köçelerinde ikinji gije protestine hem dolanyp gelmegi wada berdiler.

“Biz Rustaweli köçesinde ýene [öýlän sagat 7-de] duşuşarys. Biziň adamlar bilen hereket planyny ylalaşmagymyz gerek” diýip, Täze Gürjüstan partiýasynyň lideri Jorj Waşadze (George Vashadze) aýtdy.

Tbilisidäki häkimiýetler 21-nji iýun güni irden öten agşam parlament binasynyň daşynda howpsuzlyk işgärtleri bilen protestçileriň arasynda ir sagatlara çenli dowam eden gapma-garşylyklar netijesinde 70 çemesi adamyň, şol sanda 39 polisiýa ofiseriniň ýaraly bolandygyny aýtdylar.

Ýerli media birnäçe adamyň tussag edilendigini habar berdi, emma jikme-jiklikler eleýeterli bolmady.

Polisiýa märekäni dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz, rezin ok ulandy we ir sagat 5-lerde protestçileriň ählisi diýen ýaly protest meýdanyndan gitdi.

“Hökümetiň bu günki eden zady halka garşy doly bikanun hereket” diýip, Waşadze aýtdy.

Jemgyýetçilik gahar-gazaby 20-nji iýunda, rus deputaty Sergeý Gawrilow Gürjüstanyň parlament binasynda spikeriň ornuna geçip oturanda başlandy.

XS
SM
MD
LG