Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň Yssykköl oblastynda maşgala dawasy ölüm bilen gutardy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Sebitiň Toň raýonynda 27 ýaşly aýal adamsynyň okundan öldi.

Yssykköl oblastynyň Içeri işler bölüminde adam öldürmek boýunça iş açylyp, derňew çäreleri başlanypdyr.

Aýalyny öldürmekde şübhe bildirilýän adam saklanyp, wagtlaýyn tussaghana salnypdyr. Bu iş bilen baglanyşykly başga biriniň gatnaşykda bolup-bolmandygyny derňeýän ekspertiza öz işine başlapdyr.

Yssykköl oblastynyň Içeri işler edarasynyň Metbugat-sekretarynyň başlygy Stalbek Usubakanowyň aýtmagyna görä, heläkçilikli hadysa 16-njy iýunda Toň raýonynyň Gara-Saz aýlagynda ýüze çykýar.

Milisiýa ýaş aýalyň ölümine maşgala dawasynyň sebäp bolanyny aýdýar.

Owal başda ölen aýalyň adamsy ol özüni atdy diýse-de, soňra elhençligiň bolandygyny mälim edipdir. 17-nji iýunda adam ölümi boýunça iş gozgalyp, derňew işleri başlanýar.

“Gyrgyzystanyň Jenaýat kodeksiniň 130-njy («Adam öldürmek») maddasy boýunça iş açyldy, şübhe bildirilýän K.I. Içeri işler bölüminiň wagtlaýyn tussaghanasyna 48 sagatlyk gabawa alyndy hem sud-medisina ekspertizasy başlandy. 19-nji iýunda Toň raýon sudy saklanýanyň soňky ykbaly barada karar çykarar” diýip, oblastyň Içeri işler edarasynyň metbugat-gullugy mälim etdi.

Özüni mälim etmedik ýerli ýaşaýjynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, öldürilen aýal 27 ýaşynda, onuň adamsy häzir 29-da bolmaly. Olar Toguz-Bulak obasynda dört ýyl bäri nikaly ýaşaşyp gelipdirler. Üç ýaşly gyzjagazy bar eken.

“Soňky ýyllarda olar ýerli ýaşaýjylaryň mallaryny bakdylar, munuň üçinem öri meýdanyna gidip ýaşadylar. Bu ýyl olar 29-njy maýda ýaýla gitdiler. Mälim bolşuna görä, olar öz obalaryndan ýene bir çopany kömekçi edip, öri ýerine çagyrypdyrlar. Ol 1980-nji ýylda doglan. Aýdyşlaryna görä bar dawa-jenjel şol adam baransoň ýüze çykypdyr, sebäbi ol K.I.-niň maşgalasyna süýkenip başlapdyr. Muny bilip gahary gelen K. I. aýalyny atypdyr.”

Milisiýanyň maglumatyna görä, heläkçiligiň döremegine sebäp bolan erkekleri derňemek üçin, ekspertiza döredilipdir. Häzirlikçe olaryň atlary aýdylmaýar.

Öldürileniň haçan jaýlanjagy-da belli däl.

Mundan öň Garaköl şäherinde gabanjaňlyk zerarly bir adamyň serhoş halda aýalyny öldürendigi hasaba alnypdy.

«Zorluk ölüm bilen gutarýar»

«Aýallaryň demokratik ulgamy» jemgyýetçilik fondunyň maglumatyna görä, 2018-nji ýyldan 2019-njy ýylyň aprel aýyna çenli Gyrgyzystanda 62 aýal maşgala zorlugynyň pidasy bolupdyr, ýene 288 aýal dürli derejede şikes alypdyr.

«Pikir» barlag edarasynyň analitigi, sosiolog Gulnara Ibraýewanyň aýtmagyna görä, döwlet edil terrorizme göreşişi ýaly, maşgalada bolýan zorluga garşy-da göreşmelidir.

“Döwlet organlary maşgalada bolýan zorluga garşy berk göreş alyp barýandygyny, munuň özleriniň esasy borjudygyny mydama aýdýarlar. Ýöne ol boş söz. Aýdylýan zat hakykata laýyk gelmeýär. Siz býujete seredip görüň; jynsy deňligi üpjün etmek ýa-da milleti ondan arassalamak üçin harç edilýän serişdäni görüň. Bu ugurdaky kanunçylygyň amala aşmagy üçin, 25 million som goýberilipdir. Ol nämä ýetsin? Ikinjiden, şol ugurdaky işlere gözegçilik eder ýaly, ony koordinirleýän organ ýok. Şonuň üçinem biziň zorluga garşy işlerimiz gaty ownaýar” diýip, ol aýdýar.

Şol fondyň barlaglarynyň netijelerine görä, her ýyl maşgala zorlugyndan ölýänleriň hem ejir çekýänleri sany artýar. 2016-njy ýylda 16 aýal ölüp, 179 aýal ýaraly boldy, 2017-nji ýylda 13 aýal ölüp, 189 aýal jebir çekipdir.

2019-njy ýylyň başynda ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch halkara guramasy özüniň ýyllyk hasabatyny çap etdi. Onda 2018-nji ýylda hem «Gyrgyzystan Respublikasynda köp ýyllardan bäri mesele döredip gelýän ynsan hukuklary öňküsi ýaly alada döredýär» diýilýär. Hususan-da, şeýle diýilýär: «aýallara garşy güýç ulanmak hadysasy bes edilenok, sütem edijiler öňküleri ýaly jezasyz galdyrylýar, şeýle hem ekstremizmi ündemek aşa ýokary, bu ugurdaky hukuk proseduralary nazara alynmaýar, munuň özi ynsan hukuklarynyň bozulmagyna getirýär».

Material AÝ/Ar-nyň gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG