Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň Eýrana garşy girizen täze sanksiýasy ýokary lider Hamaneýini nyşana alýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýrana garşy “berk zarbaly” sanksiýalary girizmek baradaky buýruga gol çekdi. 24-nji iýun, 2019.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýrana garşy “berk zarbaly” sanksiýalary girizmek baradaky buýruga gol çekdi. 24-nji iýun, 2019.

Iki ýurduň arasynda konflikt ähtimallygynyň güýçlenýän wagtynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýrana garşy “berk zarbaly” sanksiýalary, şol sanda ýokary lider aýatola Ali Hameneýä garşy gönükdirilen gadaganlyklary girizmek baradaky buýruga gol çekdi.

Täze sanksiýalar Eýranyň liderini we oňa ýakyn adamlary “esasy maliýe serişdelerine we goldawyna elýeterlilikden” mahrum eder diýip, Tramp 24-nji iýunda bu karara gol çekende aýtdy.

Ol bu temminiň yslam döwletine soňky hepdelerdäki “bozgak" hereketleri üçin berlendigini hem sözüne goşdy.

Tramp Eýrana gaşy basyşlary režim özüniň “howply işjeňliklerini we dyrjaşmalaryny”, şol sanda ýadro ýaragyny edinjek bolmagyny, ballistik raketalaryny işläp düzmegini, terrorçylyga goldaw bermegini bes edýänçä ýokarlandyrjakdygyny aýtdy.

Gazna sekretary Stiwen Mnuçin (Steven Mnuchin) Trampyň özüne Eýranyň daşary işler ministriMohammad Jawad Zarife garşy hem sanksiýa girizmegi tabşyrandygyny aýtdy. Zarif Trampy “urşa teşnelikde” aýyplady.

Eýran ABŞ-nyň ýurduň ýokary liderlerine garşy sanksiýa girizmegi diplomatiýanyň soňlanmagyny aňladýar we Waşingtonyň iki ýurdy harby konfliktden sowmak üçin gepleşik geçirmäge höweslidigi barada “ýalan sözleýändigini” görkezýär diýdi.

XS
SM
MD
LG