Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň harby güýçleri Owganystanda iki harbysynyň öldürilendigini aýdýar


Owganystanyň kartasy
Owganystanyň kartasy

Birleşen Ştatlaryň harby güýçleri 26-njy iýunda Owganystanda iki sany harbysynyň öldürilendigini aýdýar. Bu waka ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Kabula gyssagly sapar edip, Waşingtonyň “1-nji sentýabrdan öň” parahatçylyk ylalaşygynyň baglaşmagyny umyt edýändigini aýtmagyndan bir gün soňra gabat geldi.

ABŞ-nyň harby güýçleri tarapyndan ýaýradylan beýanatda waka bilen baglanyşykly ýagdaýlar barada jikme-jik maglumatlar berilmeýär. Bu wakanyň netijesinde şu ýylyň dowamynda ABŞ-nyň Owganystanda öldürilen harbylarynyň sany azyndan alty adama ýetdi.

Şeýle-de, beýanatda waka barada öldürilen esgerleriň maşgalalary habarly edilýänçä, olaryň şahsyýetiniň köpçülige mälim edilmejekdigi hem bellenilýär.

Geçen ýylyň sentýabryndan Birleşen Ştatlar 18 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän owgan konfliktiniň soňuna ýetmek üçin söweşiji topara gepleşikleri geçirmäge basyş edip başlady. Bu konflikt Birleşen Ştatlaryň taryhyndaky iň uzaga çeken uruşdyr.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad “Talyban” topary bilen Kataryň paýtagty Dohada gepleşikleriň alty tapgyryny geçirdi.

Gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň 29-njy iýunda geçirilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG