Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak ok-däri ammaryndaky partlamalarda ölenleriň sany üç adama ýetdi


24-nji iýunda Arysda partlamalaryň bolan ýeri
24-nji iýunda Arysda partlamalaryň bolan ýeri

Gazagystanda ok-däri serişdeleri saklanýan ammarda dörän ýangyn sebäpli bolan giň gerimli partlamalaryň netijesinde ölenleriň sany üç adama ýetdi diýip, resmiler aýdýarlar.

26-njy iýunda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanda gazak goranmak ministriniň orunbasary Timur Dandibaýew žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Arys şäherçesindäki partlamalar döwründe ýeten şikes zerarly 32 ýaşyndaky seržant Abdikul Ahmetowyň keselhanada aradan çykandygyny aýtdy.

Mundan öň, gazak resmileri partlamanyň netijesinde ýerli ýaşaýjynyň we harby ofiseriň ölendigini mälim edipdiler.

Partlamalar 24-nji iýunda irden Arysdaky ok-däri saklanýan ammarda başlapdy.

Regional häkim Omirzak Şokeýew ýurduň Türkistan regionynda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi we Arysyň galan 45 müň ýaşaýjysynyň ewakuasiýa edilmegini tabşyrdy.

Gazak häkimiýetleri ewakuasiýa kararyny yglan etmezden öň, 35 müň çemesi ýaşaýjy Arysdaky öýlerini terk edipdi.

Goranmak ministri Nurlan Ermekbaýew partlamalaryň birnäçe gün dowam etjekdigini aýdypdy.

25-nji iýunda Gazagystanyň Saglygy saklaýyş ministrligi wakada ýaralanan 89 adamyň keselhanada saglyk bejergisini alýandygyny we olardan dokuz sanysynyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG