Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň ozalky baş prokurory korrupsiýada günäli tapylyp, 10 türme tussaglygyna höküm edildi 


 Raşidjon Kodirow
Raşidjon Kodirow

Özbegistanyň ozalky baş prokurory korrupsiýa aýyplamalarynda günäli bilnip, on ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Daşkent şäher sudy 26-njy iýunda Raşidjon Kodirowy para almakda, gorkuzyp pul almakda, maliýe galplyklarynda, salgytdan gaçmakda, adalatyň berjaý edilmegine päsgel bermekde, pul ýuwmakda günäli tapdy.

Bu iş boýunça aýyplanýan ýene 12 adam dürli türme möhletlerinde azatlykdan mahrum edildi. Olaryň iň köp ýyl alany 19 ýyl türmede bolar.

Kodirow 2018-nji ýylyň fewralynda gorkuzyp pul almak, wezipe ygtyýarlyklaryndan bikanun peýdalanmak aýyplamalarynda aýyplanyp tussag edildi. Ol jenaýat işindäki şärikleri bilen ýanwardan bäri sud edilýärdi.

XS
SM
MD
LG