Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurnalan kampaniýamy? Şowhun-biznesine gatnaşyjylar Gülnara Kerimowany öwüp başladylar we onuň azatlyga çykmagyny talap etdiler


Özbegistanly wäşi artistka Halima Ibragimowa we beýleki Instagram ulanyjylar milliardlarça dollar ogurlygynda aýyplanýan Gülnara Kerimowanyň azatlyga çykmagyny Alladan diläp hat ýazdylar.
Özbegistanly wäşi artistka Halima Ibragimowa we beýleki Instagram ulanyjylar milliardlarça dollar ogurlygynda aýyplanýan Gülnara Kerimowanyň azatlyga çykmagyny Alladan diläp hat ýazdylar.

24-25-nji iýunda özbek şowhun-biznesiniň belli wekilleri sosial ulgamda Özbegistanyň ilkinji merhum prezidentiniň uly gyzyna bolan söýgüsini bildirip, onuň azat edilmegi üçin, doga-dileg edýändiklerini ýazdylar.

Daşkentli blogerlerden biri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde blogerlere hem özbek sowhun-biznes wekillerine prezident administrasiýasynyň käbir ýolbaşçysyndan ýörite buýruk gelendigini aýtdy.

Adyny aýtmazlygy haýyş eden gürrüňdeşimiziň sözüne görä, Gülnara Kerimowany azatlyga çykmagyna mümkinçilik dörese, bu kampaniýa oňa özbegistanlylaryň oňyn garamagyny gazanmak, ýörite jemgyýetçilik pikirini döretmek üçin gurnalypdyr.

Jahongir Pozilžonow Gülnara Kerimowany küýseýändigini ýazdy

«Božalar» aýdym-saz toparynyň solisti Jahongir Pozilžonow sosial ulgamda öz maşgala topary bilen Gülnara Kerimowanyň düşen suratyny ýerleşdirip, şeýle ýazgy galdyrdy.

“Biz sizi küýseýäris. Siziň çaltrak maşgalaňyza gowuşmagyňyzy, jan saglygyňyzy isleýäris.”

Pozilžonow Instagramdaky belliginiň aşagynda Gülnara Kerimowanyň we onuň gyzy Iman Kerimowanyň suratyny goýupdyr.

Wäşi Halima Gülnara Kerimowa «Siz meniň ylhamym!» diýipdir.

Wäşi hem aktrisa Halima Ibragimowa hem 25-nji iýunda Instagrama hat ýazyjylara goşulyp, Kerimowanyň şanyna öwgüler ýazmaga başlapdyr. Ol Gülnaranyň suratyny goýup: “Goý, sizi Alla goldasyn! Maşgalaňyza dolanmagyňyzy, size saglyk hem güýç dileýäris. Siz üçin köpler dileg edýär, Siz meniň ylhamym” diýipdir. Halima Ibragimowa hem öz kommentariýasynda Iman Kerimowa bilen Gülnaranyň şekilini goýupdyr.

Halimanyň maglumaty 1, 6 million abunaçysy bolan Instigramda birnäçe sagadyň dowamynda 10 müň seslenme alypdyr.

25-nji iýunda Gülnara Kerimowanyň azat edilmeginiň hatyrasyna şowhun-biznes sosial ulgamynda ýüzlenenleriň arasynda Şahzoda Matçonowa, Ziýoda, Daler Subhonow, Dilfuza Kadyrowa hem birnäçe mälim bolmadyk ulanyjylar bar.

Käbirleri: «Elhamdu Alla, Hudaýym, dilegimizi eşidersiň diýip umyt edýäris» diýip ýüzlenipdirler. Beýlekiler bolsa dabaraly ýagdaýda: «Ura! Ol basym dolanýar!» diýipdir.

«Gülnara azatlyk!»

Özbek žurnalisti hem blogeri Kerimberdi Turamurod 24-nji iýunda Facebookda öz ýüzlenmesini hut şeýle atlandyrýar.

“Gülnaranyň güýjüni, bilimini we guramaçylyk ukyplaryny hem puluny özbek halkynyň bähbidine peýdalanmak gerek. Iň bolmanda Forum fondunda işlär ýaly, oňa azatlyk bermek zerur.

Biz näme üçin Gülnarany bagyşlamaly däl, haçan ol jaýyny alanlary bagyşlady hem olara muny berdi.

Gülnara mümkinçilik döredilse, ol biziň her birimizden parhlylykda, halkymyza köp peýda getirer diýip, men ynanýan.

Ol hem Zenan! Ol hem Ene!

Siz Prezidentiň düýnki sözüni unutmaň, ol belli derejede oňa raýdaş!

Gülnarany azatlyga çykaryp, oňa ýurduň hatyrasyna hyzmat etmäge mümkinçilik döretmek gerek!

Gülnarada bolan bilim, içki güýç, ukyp hem batyrgaýlyk köp erkekde ýok.

Gülnara azatlyk!” diýip, samarkantly žurnalist-bloger ýazýar.

Bloger: kampaniýa «ýokardan» badalga berildi

25-nji iýunda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan blogerleriň biri sosial ulgamda köp mümkinçiligi bolan blogerlere hem şowhun-biznes wekillerine Gülnara Kerimowany azat etmek haýyşy bilen hat ýazmak barada, «ýokardan» dil üsti buýruk berlipdir.

Ol «ýokardan» diýen sözüne takyklyk berip, prezident administrasiýasynyň hem onuň ýolbaşçysynyň bu işi guramalaşdyrýandygyny aýtdy.

(Azatlyk Radiosy ol fakty tassyklaýan esas bolmansoň, ýolbaşçynyň adyny äşgär etmekden saklanýar.)

Blogeriň sözüne görä, bu ýerde maksat şundan ybarat: Gülnara Kerimowanyň azatlyga çykmagyna jemgyýeti ‘taýynlamak’, şeýle ýagdaý dörese özbegistanlylarda oňyn garaýşy gazanmak.

Ýöne biziň habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde bloger Karimberdi Turamurod bu informasiýany düýp-göter ret edýär.

– Siz muny özboluşly bir sosial soraglary hasap edýärsiňiz – diýip, bloger belleýär.

«Özbekkonsertiň» wekilleri jogap bermekden saklandylar

25-nji iýunda Özbegistanyň medeniýet we sungat wekillerine konsertleri hem tomaşalary geçirmäge hukuk berýän «Özbekkonsert» döwlet guramasynyň ýolbaşçylary Azatlyk Radiosynyň bu çäräniň Gulnara Kerimowany azat etmek üçin ýörite gurnalan ýagdaýmy ýa-da ýöne bir tötänlikmi diýip beren soragyna jogap bermekden saklandylar.

Käbirleri Azatlyk Radiosyndan jaň edilýändigini bilip, habarçymyzyň sesini eşitmeýänden bolup, telefonyny öçürdiler. Beýleki birleri bolsa sosial ulgamdan habarsyzdygyny aýtdylar.

– Biz beýle buýruk bermedik. Bu iş bilen biziň hiç bir dahylymyz ýok. Eger Gülnara Kerimowa hakda ýazýan bolsalar, olaryň şahsy pikirleri, onuň bize dahyly ýok – diýip, «Özbekkonsertiň» lisenziýa berýän bölüminiň işgäri aýtdy.

Özbegistanyň aradan çykan ilkinji prezidentiniň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň garşysyna respublikanyň Baş prokuraturasy, ABŞ-yň gözegçilik organlary, Şwesiýa, Gollandiýa hem Şweýsariýa ummasyz möçberdäki galp puly ýuwmakda we korrupsiýada aýyplama bildiripdi. (Bu ýerde gürrüň birnäçe milliard amerikan dollary barada barýar – Redaksiýadan.)

2017-nji ýylyň dekabryna Gülnara Kerimowa Özbegistanda 53 million dollara golaý puly bilkastlaýyn peýdalanmakda aýyplandy. Ony 10 ýyl azatlykdan mahrum etdiler, ýöne suddan soňky şikaýat esasynda onuň işini 5 ýyl öý tussaglygyna getirdiler. Ol öý tussaglygynyň düzgünini bozandygy üçin, koloniýa geçirildi, ýöne internetden peýdalanmaga hukuk berildi.

2019-njy ýylyň mart aýynda öý tussaglygy düzgünlerini bozandygy üçin, Gülnara Kerimowany Daşkent oblastynyň Zangiat № 21 aýallar koloniýasyna geçirdiler. Häzir ol şol koloniýada tussaglyk möhletini geçirýär.

Kerimowanyň şweýsariýaly aklawçysy Greguar Manža 15-nji iýunda Twitterde Zangiat koloniýasynda öz goragyna alan müşderisini görendigini, onuň saglyk ýagdaýyna alada bildirýändigini ýazdy.

Adwokat bilen duşuşykdan soň Gülnara Kerimowanyň öz günäsiniň geçilmegini sorap, halka hem prezident Şawkat Mirziýaýewe ýüzlenme ýazandygy mälim boldy. Ýüzlenmesinde Gülnara Özbegistana degişli doňdurylan pul aktiwlerini ýurda gaýtarmak üçin, hökümet bilen işleşmäge taýyndygyny, munuň öwezine öz günäsiniň geçilmegini sorady.

«Hususy inisiatiwa»

Ýokary suduň jenaýat işleri baradaky Kazylar toparynyň başlygynyň orunbasary Ikram Muslimow Argentinanyň informasiýa we köpçülikleýin kommunikasiýa brifingde Gülnara Kerimowanyň ýüzlenmesine düşündiriş berdi.

“Soňky wagtlarda Gülnara Kerimowanyň işi barada hiç bir ýüzlenme bolmandy. Dürli kanallardan onuň arzasynyň ýaýradylmagy Kerimowlaryň maşgala agzalaryň hem özüniň hususy inisiatiwasy. Bu plan barada häzirki pursatda hiç bir resmi dokument ýaýradylmady” diýip, Ýokary suduň wekili köpçülikleýin habar serişdelerine mälim etdi.

Gülnaranyň aklawjysy Greguar Manža öz goraýan müşderisi bilen Özbegistanyň hökümetleriniň arasynda gepleşik barýandygy barada Azatlygyň beren soragyna häzirlikçe jogap bermedi.

Geçen hepdede şeýle gizlin gepleşigiň bolandygy baradaky informasiýany Gülnaranyň gyzy Iman Kerimowa syzdyrdy.

Material AÝ/AR-nyň özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG