Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pikir soramalary her onunjy orsýetliniň gynalandygyny görkezýär


Uralyň Ýekaterinburg şäherindäki türmede gynalýan adamy görkezýän wideo.
Uralyň Ýekaterinburg şäherindäki türmede gynalýan adamy görkezýän wideo.

Orsýetlileriň her on adamdan birisiniň hukuk goraýjy guramalaryň wekilleri tarapyndan gynalmak tejribesi bar diýip, täze geçirilen pikir soramalaryň netijesinde aýdylýar.

Bu pikir soramanyň netijeleri 26-njy iýunda, Adam gynalmagynyň pidalarynyň goldawyna bellenilýän halkara günde çap edildi.

Pikir soramalary Orsýetiň garaşsyz Levada merkezi tarapyndan, BMG-niň adam gynamalaryna garşy komitetiniň tabşyrygy boýunça geçirildi.

Pikirini aýdan orsýetlileriň 60 prosenti adam gynamaga hiç bir şertde ýol berilmeli däldigini aýdan bolsa, 30 prosenti onuň aýratyn alnan işlerde, hususan-da agyr jenaýatla ýa-da adam ömrüni halas etmek bilen bagly ulanylmagyna gol ýapýar.

Gynalmalara sezewar bolandygyny aýdýan adamlaryň 75 prosenti özleriniň kemsidilmek ýa gorkuzylmak maksady bilen gynalandyklaryny aýtdylar.

Orsýetiň 53 sebitinde 3400 adamyň gatnaşmagynda geçirilen pikir soramalaryň netijeleri ilki 26-njy iýunda “Kommersant” gazetinde çap edildi.

XS
SM
MD
LG