Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň prezidenti türkmen kärdeşini 62 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady


Türkmen we özbek prezidentleri Awazada gämili gezim edýär. Arhiw suraty
Türkmen we özbek prezidentleri Awazada gämili gezim edýär. Arhiw suraty

Türkmen döwlet habar gullugy 29-njy iýunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon söhbetdeşliginiň bolandygyny habar berdi.

“Prezident Şawkat Mirziýoýew pursatdan peýdalanyp, türkmen kärdeşini doglan güni bilen gutlady” diýip, resmi habarda aýdylýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek hakynda pikir alşyldy.

Hususan-da ýangyç-energetika toplumynda, senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik özbek tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

XS
SM
MD
LG