Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sibir sebitine gelen silde ölenleriň sany artýar


Irkutsk resgiony, ýokardan alnan surat. 26-njy iýun, 2019.
Irkutsk resgiony, ýokardan alnan surat. 26-njy iýun, 2019.

Orsýetiň adatdan daşary ýagdaý resmileri günorta Sibire gelen we ýüzlerçe adamyň ewakuasiýa edilmegine getiren weýrançylykly sil netijesinde ölenleriň sanynyň bäşe ýetendigini, azyndan alty sany ilatly nokat bilen aragatnaşygyň şindi hem dikeldilmändigini aýtdylar.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 29-njy iýunda sil netijesinde 350 çemesi adamyň ýaraly bolandygyny, 100 adamyň hassahanalarda bejergi alandygyny aýtdy.

Ministrlik IL-76 uçarynyň 29-njy iýunda giçlik bu sebite adatdan daşary ýagdaý ýüklerini alyp gelendigini hem habar berdi.

Döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy siliň 4 müňden gowrak ýaşaýyş jaýyna, 16 ýola, 13 köprä, 27 şähere we oba zyýan ýetirendigini, siliň bu sebitde diňe Baýkal kölüniň günbataryna gelendigini aýtdy.

Şeýle-de ministrlik gelýän günlerde has kän sil geljege meňzeýändigini habar berdi.

Prezident Wladimir Putin 29-njy iýunda Ýaponiýada geçen G20 sammitinden dolanyp, Baýkalyň demirgazyk-günbataryndaky Bratsk şäherine uçdy.

XS
SM
MD
LG