Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Liwiýanyň migrant saklanýan merkezine edilen hüjümi ýazgarmady


Zarba urlan merkez.
Zarba urlan merkez.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Liwiýada migrantlaryň deslapky saklanýan merkezine urlan we azyndan 44 adamy öldüren how zarbasyny ýazgarmagyň hötdesinden gelmedi, muňa ABŞ missiýasynyň beýanata gol çekmek üçin Waşingtondan tassyknama alyp bilmändigini aýtmagy sebäp boldy.

3-nji iýulda ýapyk gapylaryň arkasynda bolan iki sagatlyk duşuşykda Britaniýa komandir Halifa Haftaryň güýçlerini günäleýän, ýaraşyga hem-de syýasy gepleşiklere dolanmaga çagyrýan beýanaty gol çekmäge hödürledi.

Emma habar agentlikleri ady aýdylmadyk amerikan diplomatlarynyň bu beýanaty özleriniň Waşingtondan tassyknama almazdan goldap bilmeýändiklerini aýdandygyny habar berdi.

Netijede, duşuşyk beýanat edilmän soňlandy.

BMG 2-nji iýul güni giçlik Tripoliniň gündohgaryndaky Tajoura tussag merkezinde azyndan 44 adamyň öldürilendigini aýtdy.

Haftaryň sözçüsi öz güýçleriniň bu hüjüme hiç bir dahylynyň ýokdugyny aýtdy.

Tajoura merkezinde azyndan 600 bosgun, şol sanda aýallar we çagalar saklanýar.

XS
SM
MD
LG