Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul owgan türmelerindäki täjik raýatlarynyň soňky toparyny Duşenbä iberdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Kabul owgan türmelerinde jeza möhletini çekýän Täjigistanyň raýatlarynyň soňky toparyny Duşanbä berdi.

8 adamdan ybarat topar geçen hepdäniň aýagynda Täjigistanyň paýtagtyna ugradyldy diýip, Owganystan Yslam Respublikasyndaky bu ýurduň ilçisi Şarofiddin Imomow Azatlyk Radiosyna mälim etdi. «Şeýlelikde, owgan türmelerinde biziň ildeşlerimiz galmady» diýip, ilçi belledi.

Täjik raýatlary owgan türmelerine nädip düşüpdir, nähili jenaýatda aýyplanyp, näçe möhlet bilen olara iş kesilipdir – bu barada diplomat hiç zat aýtmady.

Munuň öwezine Täjigistan hem öz koloniýalarynda saklanýan Owganystanyň 80 raýatyny yzyna gaýtarmagyna garaşylýar. «Olary yzyna gaýtarmak meselesi doly çözüldi. Häzir olary nähili ýol bilen Owganystana aşyrmak maslahat edilýär» diýip, Şarofiddin Imomow aýdýar.

Ýöne diplomatyň sözüne görä, Täjigistanyň koloniýalarynda jeza möhletini çekýän ähli owganystanly yzyna gaýtarylmaz. «Aýratyn howply jenaýatda saklanan jenaýatçylar, şol sanda terror aktlaryna dahylly bolanlar ýa-da, aýdaly, biziň serhetçilerimizi ýaralan kontrabanda toparlary Täjigistanyň türmesinde galarlar» diýip, ilçi belleýär.

Täjigistanyň Owganystandaky ilçisi Şarofiddin Imomow
Täjigistanyň Owganystandaky ilçisi Şarofiddin Imomow

Şu ýylyň maý aýynda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Owganystanyň daşarky syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Salohuddin Rabbana ýurduň dürli türmelerinde jeza möhletini çekýän 80 owganystanlyny Kabula gaýtarjakdygyna söz berdi. Şonda owgan tussaglaryny ýurda getirmek baradaky Rabbanynyň haýyşyny Emomali Rahmonyň kanagatlandyrandygyny Owganystanyň DIM-gi habar beripdi.

Tussaglary çalyşmak halkara hukuklarynyň çäginde hem iki taraplaýyn täjik-owgan gatnaşyklarynyň ylalaşygy esasynda amala aşyrylýar diýip, resmi çeşme aýdýar.

Täjigistandaky Owganystanyň ilçihanasyndan gowşan maglumata görä, häzirki wagtda Täjigistanyň dürli türmelerinde 90-dan gowgak owgan tussagy bar, olaryň köprägi neşe gaçakçylygynda hem owgan-täjik serhedini bikanun bozmakda aýyplanýarlar.

2010-njy ýylda Täjigistanyň hem Owganystanyň daşarky syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tussag edilenleri çalyşmak baradaky ylalaşyga gol çekipdiler. Şondan üç ýyl soň täjik türmelerinde jeza möhletini çekýän ilkinji 14 owgan raýaty Owganystanyň hökümetine gaýtarylyp berildi.

Mundan öň 2018-nji ýylda, Täjigistanyň Owganystandaky ilçisi Şarofiddin Imomow Azatlyk Radiosyna Kabul Duşanbä 40 çemesi täjik raýatyny gaýdyp berendigini aýdypdy, olar terrorizmde hem-de barlyşyksyz toparlara agza bolmakda aýyplanyp, owgan topragynda tussag edilipdiler. Şu ýylyň aprel aýynda «Jamaat Ansarullah» gurmasynyň öňki lideri Bagram Abdulfattoh Tabarowyň kiçi ogly Amriddin Tabarow owgan türmesinden öz ýurduna berlipdi. Ol «domullo Amriddin» ady bilen tanalýar. Ýanwar aýynda bolsa onuň agasy Saidjaloliddin Kabuldan Duşanbä getirilipdi.


Alişer Zarifi.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG