Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Köpler ýary gijä çenli oturýarlar”. Duşenbeniň parklarynda mugt wi-fi peýda boldy


Duşenbe. Mugt wi-fini ulanyjylar
Duşenbe. Mugt wi-fini ulanyjylar

Paýtagtyň parklarynda wi-fi täsiri düşýän zolaklar peýda boldy. Ýokary çaltlykdaky MegaFon-Täjigistan internet ulgamyndan, ýerli ýaşaýjylar hem myhmanlar mugt peýdalanyp bilýärler.

Şeýle mümkinçilikler şäherdäki bäş parkda üpjün edildi, häzirki günde Sadreddin Aýni hem Ahmad Doniş adyndaky seýil baglarynda wi-fi täsirli zonalar bar.

Seýil bagynda gezelenç edýän Mastona Abdulloýewa internet aragatnaşygy arkaly Orsýetde işläp ýören garyndaşy bilen gepleşdi. Onuň sözüne görä, mobil aragatnaşygy arzan güýmenje däl, şonuň üçin garyndaşlary hem tanyşlary bilen islän wagty gatnaşyk açyp bilmeýändigini aýdýar.

«Indi bolsa bu ýere geläýmeli, wi-fi mugt, daşary ýurtlarda bolan garyndaşlaryň bilen gepleşip bilýäň» diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Giňligi 15 ga. meýdany tutýan Aýni adyndaky seýil bagyň köp ýerinde interneti mugt ulanyp boljak zolaklar döredildi. Parkyň işgäri Ýusufjon Ismoilzoda soňky hepdelerde bu ýerde adamyň görnetin köpelendigini aýdýar. “Parkda aýratyn-da ýaş adamlar köp oturýarlar, olar sagatlap internetiň başynda. Käbirleri ýary gijä çenli oturýar” diýip, ol aýdýar.

“МegaFonyň” wekiliniň sözüne görä, olar şeýle etmek bilen ýerli ilatyň hem paýtagtyň myhmanlarynyň has köplüginiň Internete baglanmak mümkinçiligini artdyrýarlar.

"Gijä çenli oturmak"

Duşanbe şäherindäki “MegaFonyň” wekili Parwiz Dawlatow Azatlyk Radiosy bilen gepleşende şeýle diýdi: «Häzirki wagta biziň hiç bir günümiz Internetsiz geçenok. Şonuň üçin biz şu proýekti ýola goýduk. Näme üçin muny seýil baglaryndan başladyk? Bu ýyl – turizm ýyly bolansoň, bizem paýtagtyň ilatyna we myhmanlaryna mugt Internet hyzmatyny hödürlemek tabşyrygyny üstümize aldyk».

Duşanbe şäheriniň ýaş ýaşaýjylaryndan biri Umar Youtube hem Instagrama seretmek üçin, parkda gijä çenli oturandygyny aýdýar. “Internetiň çaltlygy gowy. Elbetde, adam köp bolsa, onuň çaltlygy birneme haýallaýar” diýdi.

Häzirki günde Duşanbe şäherinde käbir myhmanhanalar hem aeroport simsiz hem mugt Internet hyzmatyny hödürleýärler. Jemgyýetçilik transportynda bolan mugt wi-fi örän gysga wagt dowam etdi.

Resmi maglumata görä, Täjigistanda 3 milliona golaý adam Internetden peýdalanýar. Mobil Internetini ulanmak sebitdäki beýleki ýurtlar bilen deňeşdireniňde, bu ýurtda örän gymmat, şonuň bilen birlikde, onuň çaltlygy-da o diýen däl.

Golaýda Täjigistana gelýän daşary ýurtly turistlere mugt sim-kart berip başladylar. Her bir sim-kartda 100 Mb internet balansy bolup, myhmanlaryň sözüne görä ol derrew gutarýar.

Täjigistan sosial aragatnaşyk ulgamlaryna hem dürli saýtlara girmäge yzygiderli bökdençlik döredýändigi sebäpli, halkara guramalary hem ynsan hukuklaryny goraýjylar tarapynda dürli tankyda duçar bolup gelýär. Bu ugurdaky soňky aladalaryň biri şu ýyl ýurtda Internetiň bahasynyň gymmatlamagy bilen bagly ýüze çykdy, ýöne ahyrky pursatda ýurduň prezidenti Antimonopoliýa gullugynyň dawaly görkezmesini ýatyrdy.

Zarangez Nawruzşo, Şodmon Ýatim.

Material AÝ/AR-nyň täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG