Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan hökümetinden bolmadyk wekiliýet Katarda “Talyban” bilen duşuşýar


Katarda Owgan-ara Dialog Konferensiýasy geçirilýär. 7-nji iýul, 2019 ý.

Onlarça owganystanly delegat, şol sanda syýasatçylar, aýallar we beýlekiler Katarda “Talybanyň” wekilleriniň hem gatnaşmagynda geçirilýän Owgan-ara Dialog Konferensiýasyna gatnaşýarlar.

“Talyban” konferensiýa özüniň 17 wekilini ýollaýandygyny mälim etdi. Şol bir wagtda, owgan hökümetiniň wekilleri çärä gatnaşdyrylmady.

7-nji iýulda duşuşygyň başlanmagyna sanlyja sagat galanda “Talyban” Owganystanyň Gazni şäherinde amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Ir bilen howpsuzlyk desgasyna edilen hüjümde 12 adam öldi, 179-sy hem ýaralandy. Resmiler hüjümde esasan golaýdaky mekdebiň okuwçylaryna şikesiň ýetendigini mälim etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG