Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň goranmak ministri: Britaniýanyň tankeri saklamagy howply hereket boldy


Eýranyň goranmak ministri Amir Hatami
Eýranyň goranmak ministri Amir Hatami

Eýranyň goranmak ministri Amir Hatami geçen hepde Britaniýanyň eýran tankerini saklamagy howply we ýalňyş hereket bolandygyny aýtdy.

Hatami bu barada 8-nji iýulda döwlet telewideniýesinde çykyş etdi.

Britan deňiz güýçleri eýran tankerini 4-nji iýulda saklapdylar. Bu gämi Siriýanyň Banias nebit zawodyna çig nebit alyp barýandyr öýdülýär. Bu zawod ÝB sanksiýalarynyň obýekti bolup durýar.

Bu hereket Tähranyň gahar-gazaba münmegine sebäp boldy.

5-nji iýulda Gibraltaryň ýokary sudy tankeri 14 gün saklamak baradaky rugsady berdi. Şol günüň özünde, Eýranyň Rewolýusiýa Sakçylary bu herekete jogap edip, Britaniýanyň gämisini ele geçirmek bilen haýbat atdylar.

Mundanam başga, Hatami Eýranyň geçen aý ABŞ-nyň pilotsyz dron uçaryny urup, öz serhet araçäklerini gorajakdygy barada habar ýollandygyny hem belledi.

Tähranyň drony urmagyndan soň, ABŞ bilen Eýranyň gatnaşyklary has-da ýitileşdi.

Eýran resmileri dronuň öz asman giňişliginde urlandygyny aýdýar. ABŞ bolsa dronuň halkara suwlarynyň üstünden uçandygyny belleýär.

XS
SM
MD
LG