Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Onlarça adam Nazarbaýewiň Nur-Soltandaky edarasynyň işigine toplandy


4-nji iýundaky protestde partiýa resmisi Maulen Aşimbaýew olaryň talaplaryna seretjek komissiýanyň dörediljekdigini wada berdi.

Gazagystanyň çar künjeginden gelen onlarça adam ozalky prezident, Nur-Otan partiýasynyň başlygy Nursoltan Nazarbaýawiň edara jaýynyň alkymynda toplandy. Olar geçmişde öz işleri boýunça çykarylan ýalňyş sud kararlaryny derňemek üçin ýörite toparyň döredilmegini talap edýärler.

Bu ýere toplanan aýallar we erkekler özleriniň şu wagta çenli sudlarda adalaty gazanmak üçin eden tagallalarynyň ählisiniň puç bolandygyny aýdýarlar. Şeýle-de olar Ýokary suduň başlygy Žakyp Asanowyň işden çekilmegini talap edýärler.

Bir gün ozal protestçiler prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň edarasynyň öňünde toplanyp, ony özleriniň “adalaty tapmak” tagalllaryna kömek bermäge çagyrdylar.

4-nji iýundaky protestde, haçanda demonstrasiýaçylar Nur-Otanyň edara jaýlarynyň içinde toplananlarynda, partiýa resmisi Maulen Aşimbaýew olaryň talaplaryna seretjek komissiýanyň dörediljekdigini wada berdi.

Emma muňa garamazdan, 10-njy iýuldaky protestçiler bu komissiýanyň bir aýdan soňam döredilmändigini aýtdylar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG