Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Biz jesetleriň üstünden ýöredik". Siriýadan getirilen maşgalalaryň hekaýaty


Siriýanyň weýrançylyga uçan şäherinde aýal bilen çaga

Aktöbeli ýaşaýjy geçen aýda öz agtyklaryna gowuşdy – 11 ýaşly Aýşany hem 2 ýaşly Asiýany gördi. Aýşa öz ejesi bilen Siriýada 5 ýyl ýaşapdy, Asiýa hem şol ýerde doguldy. Ol gyzjagazlaryň ejesi «terrorizmi propaganda etmekde» hem «dini garşylyklary öjükdirmekde» aýyplanyp, 28-nji maýdan bäri Aktöbedäki derňew izolýatorynda saklanýar.

11 ýaşly Aýşa okamagy hem ýazmagy başarmaýar, onuň mamasy 63 ýaşy Akgül (ady üýtgedilip alyndy – Red.) iki hepde bäri agtygyny Aktöbedäki «Şans» sagaldyş merkezine gatnadýar. Mamasynyň sözüne görä, Aýşa parahat durmuşa ýaňy öwrenişip barýar. Gyzjagaz ilki günlerde öýden çykmandy, indi öz deňleri bilen oýnap başlapdyr.

AKGÜLÜŇ ÖKÜNJI

— Ol örän tutuk. Kä wagt açylýar. Men bolsa onuň şol geçmişi çaltrak unutmagyny isleýän, şonuň üçin ondan hiç bir zat soramazlyga çalyşýan. Käte agtygymyň özi käbir zatlary gürrüň berýär. Ony diňläp, gözýaş dökýän. Bu kiçijik çaga, gör, nämeleri başdan geçirmändir. Bomba partlamasynda weýrançylygyň aşagynda galypdyr. Bomba gyçagyndan ýaralanansoň tas ölen ekeni. Hemişe ýarym açlykda ýaşapdyr, adam jesediniň böleklerini görüpdir – diýip, Akgül gözýaşyny sylyp gürrüň berýär.

Akgülüň iki gyzy çagalaryny alyp, 2014-nji ýylyň iýunynda Siriýa gidipdiler. Iki dogan ejelerine paýtagtda bolýan toýa gidýäs diýip, aslynda bolsa Türkiýä uçup, ol ýerdenem Siriýa aşypdyrlar. Akgül owal başda gyzlarynyň söweş gidýän ýere gidendigini başgalardan ýaşyrypdyr. Çagalarynyň geljegi barada alada galyp, öz gyzlarynyň atlarynyň hiç ýerde tutulmazlygyny isläpdir. Şonuň üçin Akgül gyzlarynyň atlarynyň umm Aýşa hem um Hatyja diýlip tutulmagyny isleýär. Ýakyn Gündogarda aýallara şeýle at berlipdir.

— Gyzlarymyň Siriýa gitmeginde owaly özümi günäkärleýän. Çagalarymyň üçüsi-de zada zar bolmasyn diýdim. Iýjegimi gazanjak bolup, men ertirden agşama çenli işledim. Belki, men olaryň terbiýesine ýeterlik üns beren däldirin. Indi meniň bar ünsüm agtyklarymda, olaryň başgalar deňi ösmegini isleýän. Aýşanyň mekdebe gitmegini isleýän. Asiýa entek kiçi, ejesini küýseýär. Düýn ony kolýaskada gezelenje çykardym, uzakdan bir hijaply aýaly görüp, ony ejesidir öýdüp aglap başlady. Men howsala düşdüm – diýip, Akgül gürrüň berýär.

Siriýanyň ýarym weýran bolan Aleppo şäherindäki aýallar
Siriýanyň ýarym weýran bolan Aleppo şäherindäki aýallar

Oblast sudunyň maglumatyna görä, Akgülüň ortanjy gyzy 28-nji maýdan bäri Aktöbedäki derňew izolýatorynda saklanýar, onuň garşysyna «terrorizmi wagyz etmekde» hem «dini garşylyklary öjükdirmekde» aýyplanma bildirilipdir.

Ýüzlerçe gazagystanlynyň Siriýa gidip, “YD” toparyna goşulandygy baradaki ilkinji maglumat Azatlyk Radiosynda 2013-nji ýylyň oktýabrynda berlipdi. “Halyfaty döretmäge” giden toparlar sosial ulgamlarda kämillik ýaşyna ýetmedik, gazak dilinde gürleýän eli ýaragly çagalaryň wideoýazgylaryny ýaýradyp başlapdy.

Akgül beýleki bir gyzynyň nirededigini bilmeýär. 28 ýaşly umm Hatyja soňky gezek 2017-nji ýylyň iýulynda, Yragyň Mosul şäherinden jaň edipdi. Şonda ol ejesine eger ýol açylsa, Siriýanyň Barguz obasyndaky uly dogany umm Aýşanyň ýanyna gitmekçi bolýandygyny aýdypdy. Şondan soň ondan habar bolmady. Kiçijik gyzy bilen Ýakyn Gündogara giden umm Hatyja ol ýerde ogul çaga dogurdy. Akgülüň hasabyna görä, ol dört ýaşynda bolmaly. Ol kiçi gyzyny hem agtyklaryny görmek umydyndan el üzmeýär.

— Men rehimsiz duşmanyma-da soňky 5 ýylda başdan geçiren hasratymyň gelmegini islemen. Meniň çagalarym bomba zarbalarynyň aşagynda bolanynda, özüm şol heläkçilige uçran ýaly boldum. Ene hökmünde men çagalarym üçin ötünç soraýan. Olaryň ikisi-de erbet ýalňyşdylar... Olar muňa giç düşündiler... Bularyň – agtyklarymyň ýurda getirilmegi meniň uly şatlygym. Men ýuduň ýolbaşçylaryna, Howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine hem saglygy dikeldiş merkeziniň beren kömeklerine çäksiz minnetdar – diýip, Akgül aýdýar.

Akgül agtygy Aýşa bilen interwýu bermäge geldi. Akmeňiz owadan gyzyň nazary çaganyňka meňzeş däl. Geçirilen interwýu bir sagada çekse-de, ol bir gezegem ýylgyrmady hem geplemäge höwes bildirmedi. Azatlygyň habarçysynyň ‘ulalsaň kim boljak’ diýen soragyna-da jogap gaýtarmady. Aýşanyň ýaşytdaşlary şu ýyl mekdepde bäşinji synpy gutardylar. Ol bolsa Siriýada arap dilini öwrenip, Kurhan okamaga başlapdyr. Gyzjagaz ejesiniň hossarlary bilen rus dilinde gepleşýär.

UMM AÝŞANYŇ SIRIÝADAN GELMEGI

30 ýaşly umm Aýşa Azatlygyň habarçysy bilen derňew izolýatorynda duşuşdy. Iki çaganyň enesi bolan ol aýal 6 gezek durmuşa çykypdyr. Onuň sözüne görä mekdebi guratansoň durmuşa çykan gyz «ilkinji äriniň täsiri bilen din ýoluna düşüpdir».

— Biz iki ýarym ýyl çemesi bile ýaşaşdyk, 2008-nji ýylda biziň gyzymyz boldy. Adamymda hem mende bilim hem, işem ýokdy. Ahyrynda biz aýrylyşdyk – diýip, ol aýdýar.

Onuň sözüne görä, umm Aýşanyň ikinji adamsy hem dindar eken. Gazagystandaky 3-nji başa barmadyk nikasyndan soň, ol 2014-nji ýylda ýaş gyzyny ýanyna alyp, Siriýa gitmegi ýüregine düwýär. Şol döwürde onuň kiçi aýal dogany hem adamsyndan aýrylyp, elinde ýaş çagasy galypdyr.

— Meniň kiçi aýal doganyň Internet arkaly Abu Saýfullah atly ýaş çeçen bilen tanşypdyr. Ol Siriýa gitmegi teklip edip, ol ýerde hiç zada zar bolmajagyny aýdypdyr. Abu Saýfullah biziň bilet pulumyzy töledi, 2014-nji ýylyň iýunynda çagalarymyz bilem Astanadan Türkiýä uçduk. Ugradyjylar bizi Stambulda tapyp, Siriýa – Jepablus şäherine aşyrdylar. Şol ýerde aýal doganym çeçen Abu Saýfullaha durmuşa çykdy, men bolsa dagystanly Abu Ubaýda çykdym. Soňra biz Rakka geldik – Manbij şäherine – diýip, Aýşa gürrüň berýär.

Onuň sözüne görä Abu Ubaýda “YD” toparynyň hatarynda durupdyr. Şonuň üçin olaryň maşgalasyna aýlyk iýjekleri hem harjysy üçin, 500 amerikan dollary berlipdir; gyzyna 100 $, “YD-nyň” söweşijisi bolan adamsyna-da 300$.

“Yslam döwleti” toparyna degişli eli baýdakly ýaragly adam Rakkanyň köçesinden barýar. 2014-nji ýylyň iýuny
“Yslam döwleti” toparyna degişli eli baýdakly ýaragly adam Rakkanyň köçesinden barýar. 2014-nji ýylyň iýuny

— Ilkinji iki ýylda biz zada zar bolmadyk, ýeňil pula öwrenişdik, men hatda Aktöbede galan ejemi-de Siriýa gelmäge ündedim. Adamym elime awtomat berip, meni wideo düşürdi. Ol maňa suwa garadyp awtomat atmagy maslahat berdi, men awtomatdan ok atdym. Şol wideony hem ejeme iberdim. Şol hereketim üçin häzir meni «terrorizmi wagyz etmekde» hem «dini garşylyklary öjükdirmekde» aýyplaýarlar. Adamym öleninde onuň awtomatyny “YD” söweşijileri aldylar. Şondan soň men elimde ýarag tutup göremok. Bildirilýän aýyplamany boýun alýan, muňa gaty ökünýän – diýip, umm Aýşa aýdýar.

Söweş hereketi mahalynda Abu Ubaýda ýogalansoň, 2016-njy ýylyň tomsunda Aýşa Abu Malik atly çeçene durmuşa çykýar. Bir ýyldan soň olaryň gyzlary Asiýa dünýä inýär. Sözüne görä, ol gyzyny öý şertinde dogrupdyr, çaganyň göbegini Şahida atly özbek aýaly kesipdir.

— Şahida Özbegistanda akuşerka bolup işleýän eken. Onuň ýeňil eli bardy, Siriýada GDA-dan bolan aýallaryň ählisine göbegene bolup ýardam etdi – diýip, umm Aýşa ýatlaýar.

GORAGSYZLAR

Umm Aýşanyň sözüne görä, söweş hereketlerinde agyr ýaraly bolan Abu Malikde erbet ruhy näsazlyk döräpdir. Ol islendik bahana üçin eline ýarag alypdyr. Aýşa ondan aýrylyşyp, asly Krym tatarlaryndan bolsa Hattaba 2-nji aýal bolup barypdyr.

— Jaýymyza bomba düşende, Hattap 1-nji aýaly bilen şol ýerdedi. Men iki çagam bilen ýumrulan jaýyň aşagynda galdym. Bize hiç kim kömek etmedi, her kim öz maşgalasyny halas etjek bolýardy. Maňa çagalarym bilen kesegiň aşagyndan çykmak başartdy. Biz göni meýitleriň üstünden ýöräp gitdik. Partlamanyň zarbyna adamlaryň göwresi böleklere bölünipdir. Ähli ýerde aýallaryň hem çagalaryň jesediniň bölekleri çaşyşyp ýatyr – diýip, gözýaşyny saklap bilmän gürrüň berýär.

Siriýada ýumrulan jaýlaryň arasyndaky adamlar
Siriýada ýumrulan jaýlaryň arasyndaky adamlar

Öýsüz galan umm Aýşa ilkinji döwürlerde Hattabyň birinji aýalynyň jaýynda ýaşapdyr. Ýöne aýallar özara dil tapyp bilmänsoň, ol Hattabdan aýrylyşmaly bolupdyr.

— Şol wakalary başdan geçiremsoň, ýaňadan durmuşa çykmak meniň üçin manysyny ýitirdi. Men bosgunlaryň lagerine aşmagy ýüregime düwdüm. Meniň bu maksadymy ýakyn joram Illariýadan başga hiç kim bilmedi. Hattabdan gaýdanymdan soň, men onuň bilen garymda ýaşadym. Illariýa Krym tatarlaryndan bolan “YD” söweşijisiniň dul galan aýalydy. Biz diňe çagalarymyza bir zatlar bişirjek bolanymyzda garymdan çykýardyk. Bir gezek biz ot ýakanymyzda, mergen bir nyşanada Illariýany hem onuň elindäki çagasyny öldürdi. Çaganyň ähli iç-goşy ýere düşdi – diýip, Aýşa gözýaşyny saklap bilmän güýçli eňreýär.

2013-nji ýylyň tomsundan, “YD” söweşijileri öz maksadyny goldamaýanlardan ýowuz öç alyp başlapdy. 2017-nji ýylyň güýzünde ABŞ hem onuň ýaranlary “YD” söweşijilerini gysyp başladylar, olaryň Siriýada hem Yrakda eýelän ýerleriniň ep-esli bölegi elinden alyndy. Söweşijiler serhede gysylyp başlanynda, olaryň maşgalalary bolan müňlerçe aýallar hem çagalar iki oduň arasynda galdylar.

2019-njy ýylyň martynda umm Aýşanyň 2-nji çagasy, ýagny Asiýanyň kakasy Abu Maligiň kömegi bilen ol Baguz gorag zolagyndan çykmagy başaryp, al-Holdaky bosgunlar lagerine gelip bilipdir, soňra Aýn-Isse barýar. Ýöne ol ýerde-de çagaly aýala gorag bolmandyr. Gozgalaňçylar çadyrlary pyçak bilen dilýärdiler, aýallardan telefonlaryny, pullaryny hem bezeg şaý-seplerini alýardylar.

Al-Hol lagerindäki aýallar. 2019-njy ýylyň apreli.
Al-Hol lagerindäki aýallar. 2019-njy ýylyň apreli.

Aýşanyň sözüne görä, GDA-dan bolan rus dilli «jihädçiler» hem olaryň maşgalalary biri-birine «muhajirler» diýlipdir, ýerli söweşijilere bolsa araplar.

— “YD” «muhajirleri» diri galkan hökmünde peýdalandylar, söweşiň iň öňdäki hatarynda diňe «muhajirler» durdudyr. Haçan-da, olar ýeňiş gazansa, araplar (arap döwletlerinden bolup, “YD” söweşijileri – Red.) şol ýere baryp, surata düşüp, wideo alyp, özlerini «ýeňijiler» atlandyrdylar. Soňra ýagdaý ýaramazlaşdy. Bazarda gandyň bir kilosynyň bahasy biziň gazak pulumyz bilen deňeşdireniňde, 20 müň tengä golaýlady. «Muhajirleriň» azyk önümi gutardy, biz diri galmak üçin ot iýip başladyk. Şol döwürlerde-de siriýaly hem yrakly “YD” söweşijileri «Snickers» iýýärdiler. Iň soňky pursada çenli olar zada mätäç bolmadylar. Bosgunlar lagerinde-de gün batareýalary, wentilýatorlar, kadaly iýmit, gowy çadyrlar araplara berildi. Biz bolsa noýba-nohut ýaly zatlar bilen oňşuk etdik – diýip, Aýşa gürrüň berýär.

SIRIÝADAN GAÝDYP GELENLER

Derňewde saklanýan Aýşanyň sözüne görä, ol azatlyga çykyp bilse, işe durup, täze durmuşa başlamakçy. Häzir bolsa ol öz çagalarynyň hem deň-duşlary ýaly bilim almagyny isleýär, 11 ýaşly gyzynyň entegem okap bilmeýändigi üçin, özüni günäkärleýär.

Aktöbe oblastynyň din işleri baradaky edarasynyň maglumatyna görä, MHK-nyň «Žusan» ýörite operasiýasy arkaly Siriýadan 30-dan gowak aktöbeli, şol sanda 21 kämillik ýaşyna ýetmedik çaga getirilipdir. Resmi maglumata görä, «Žusanyň» üç tapgyrdaky operasiýasy arkaly Gazagystana Ýakyn Gündogardan jemi 516 adam getirildi, olardan 360 sanysy çaga.

Güýç ulanyjy toparyň gullukçysy Gazagystanyň hökümeti tarapyndan Siriýadan getirilen aýaly hem çagany ugradyp barýar. Maý, 2019 ý.
Güýç ulanyjy toparyň gullukçysy Gazagystanyň hökümeti tarapyndan Siriýadan getirilen aýaly hem çagany ugradyp barýar. Maý, 2019 ý.

— Reabilitasiýa merkezinde Siriýadan gelenlere döwlete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri hyzmat edýärler. Meselem, «Ansar» teologiýa informasiýa-analitik merkezi olaryň dine degişli sowallaryna jogap berýär. «Şans» jemgyýetçilik guramasy psihologlary hem pedagoglary özünde jemläp, çagalary mekdebe taýýarlaýar. Medisina, psihologiki, teologiki hem sosial kömekler dürli taraplaýyn planlaşdyryldy, hünär öwretmek, işe ýerleşdirmek hem dokumentleri ýaňdan diklemek boýunça ýardamlar berilýär. Bu işler hemişe – tä biziň ildeşlerimiz adaty durmuşa uýgunlaşýança dowam eder – diýip, Aktöbe oblastynyň din işleri baradaky edarasynyň ýolbaşçysy Alimbek Turaliýew aýdýar.

Gazagystanyň ýörite gulluklary Siriýadan getirilenlerden näçesiniň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygy barada takyk mälim bermeýär. Bu maglumat «Ansar» teologiýa informasiýa-analitik merkezine-de elýeterli däl. Ýöne bar bolan maglumata görä, jenaýat jogapkärçiligine iki aýal çekilipdir.

Siriýadan getirilenler bilen reabilitasiýa merkezinde iki hepdeläp işleşen «Ansar» teologiýa informasiýa-analitik merkeziň başlygynyň orunbasary Tölegen Taldybaýewiň aýtmagyna görä, ol aýallary hem çagalary öňki maşgalalaryna goşmak jemgyýet üçin howply bolmaz.

— “YD” wepaly bolmak üçin kasam içip, uruşlara gatnaşan söweşijiler meýletin ýagdaýda ýurda dolanmazlar. Bu meselede adamlar arkaýyn bolaýsyn. Siriýadan gelenler bolsa sosial ýagdaýlara uýgunlaşmak isleýärler. Şonuň üçinem jemgyýet olara basyş etmese hem olary ýekirmeseler dogry bolardy. Olar ýalňyşypdyrlar, ýöne biziň raýatlarymyz ahyryn. Döwlet olaryň kadaly durmuşa çaltrak uýgunlaşmagyna alada edýär. Meniň pikirimçe, «Žusan» ýörite operasiýasy örän gowy maksady amala aşyrdy – diýip, ol hasap edýär.

Taldybaýewiň sözüne görä, adamsynyň yzyna eýerip daşary ýurda giden aýallar hem «çylşyrymly dini garaýşa» eýe bolanlar. Aktaudaky reabilitasiýa merkezinde bolanlar beýlekilere seredýärler. Teologyň çaklamasyna görä, Siriýada bolan aýallar öý-hojalyk işleri bilen meşgullanypdyrlar. Sebäbi olaryň köpüsi arap diliniň siriýa gepleşigini bilmeýär, köprägi bolsa Kurhandan hem habarsyz.

— “YD” aýratyn ýaş çagalaryň dini bilim almagyna üns beripdirler. (Gelen) aýallar Kurhany okamagy başarmaýarlar. Çagalar öz gezeginde azyndan 30 süräni ýatdan bilýärler. Siriýadaky 5 ýaşyna ýeten ähli çaga Kurhany okapdyr. Mundan daşary çagalara “YD-nyň” käbir ündew kitaplaryny hem ýat tutmaga mejbur edipdirler – diýip, Tölegen Taldybaýew aýdýar.

Söweş zonasyndan gelen çagalar häzir Aktöbe reablitasiýa merkezindäki «Şans» birleşigine gatnaşýar. Bu filialyň ýolbaşçysy olaryň entek interwýu üçin taýýar däldigini aýdýar.

Redaksiýadan: AÝ/AR-nyň Gazak gullugynyň "Şahsy pikir" rubrikasynda berilýän material Azatlygyň garaýşyny aňlatman biler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG