Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus rus bergilerinden dynmak üçin Hytaýdan pul alýar


Belarus puly
Belarus puly

Belarus Hytaýdan 600 million dollar karz almak gepleşiklerini tasdan tamamlady, bu serişde Orsýete bergileri bermek üçin ulanylar diýip, Belarusyň maliýe ministriniň orunbasary Andreý Býalkawets aýtdy.

"Biz Orsýetden ýene bir karz almagy planlaşdyrdyk, emma biz bu meseläni goýbolsun etdik, sebäbi öz hytaýly hyzmatdaşlarymyzdan alternatiwa tapdyk” diýip, Býalkawets 9-njy iýulda aýtdy.

Býalkawetsiň beýanaty maliýe ministri Maksim Ýermalowiçiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň barha ýaramazlaşmagy sebäpli, öz ýurdunyň Orsýetden başga bir ýurtdan karz almaga çalyşýandygyny aýtmagynyň birnäçe hepde soňundan edildi.

Orsýet Belarusyň uzak ýyllar pul karz alýan ýurdy boldy we Minskiniň şindi hem Moskwa uly bergisi bar.

Belarusyň ykdysadyýeti umuman gowuşgunsyz bolmagynda galýar we onuň daşarky bergisi 2016-njy ýylyň iýulyndan oktýabra çenli 3.4 milliard dollara baryp ýetdi, býujet girdejileri bolsa 10 milliard dollar bolup durýar.

XS
SM
MD
LG