Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda toýa edilen hüjümde azyndan bäş adam öldi


Owganystan

Owganystanyň gündogarynda toý mahaly janyndan geçen hüjümçiniň özüni partlatmagy netijesinde azyndan bäş adam öldi.

Nangarhar welaýatynyň häkiminiň metbugat wekiliniň beren maglumatyna görä, Paçeragam etrabynda ýetginjek hüjümçi hökümetiň tarapynda çykyş edýän harby kommandiriň öýüniň içinde özüni ýarypdyr.

Malek Toryň topary “Talyban” we “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň jeňçilerine garşy söweşýär.

12-nji iýuldaky hüjümde başga-da 40 adam ýaralandy.

Toýdaky hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Sebitde “Talyban” we “Yslam döwleti” ekstremistiki topary hereket edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG