Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Keselhanada ýogalan oglanyň agasy ony operasiýa eden hirurgy öldürmäge synanyşdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

14 ýaşyndaky oglan Jyzak şäherindäki köpugurly çagalar keselhanasynda ýogalandan soň, onuň agasy eli pyçakly wraçyň üstüne topuldy. Hadysa şaýat bolanlaryň Azatlyga aýtmagyna görä, 26 ýaşy ýigit kiçi doganynyň ölmeginde wraçy günäkärleýär.

Hadysa 29-njy iýunda ir ertir Jyzak şäheriniň çagalar keselhanasynda bolupdyr.

Şondan bir gün öň şol keselhanada ýogalan 14 ýaşly jigisiniň ölümi üçin, uly dogany ony operasiýa eden hirurgy günäkärläp, onuň üstüne pyçakly topulypdyr.

Hadysany gören şaýadyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, jebir çeken wraç agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirilipdir. Adam öldürmekde günä bildirilen 26 ýaşy ýigidi bolsa milisiýa gullukçylary tutupdyr.

Derňew işiniň gizlinlik şertlerine görä, Azatlyk Radiosy jebir çeken wraçyň hem oňa hüjüm eden ýigidiň adyny aýtmakdan saklanýar.

Jyzak oblastynyň Içeri işler uprawleniýesi bolan hadysany Azatlyk Radiosyna tassyklady hem ol iş üçin Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasy («Güýçli ruhy gazaplanma ýagdaýynda, birini bilgeşleýin agyr ýa-da orta derejede ýaralamak») boýunça jenaýat işiniň açylandygyny mälim etdi. Derňew işini oblast prokuraturasy alyp barýar.

Içeri işler edarasynyň wekiliniň sözüne görä, çagalar keselhanasynyň wraçy pyçakdan bir gezek ýaralanypdyr, häzir onuň özüni duýşy gowy.

Jyzagyň çagalar keselhanasyndaky şaýatlar ol saklanan ýigidiň kiçi doganynyň hirurgiýa stolunda ýogalandygyny aýdýarlar. Ony bagryndan operasiýa alypdyrlar.

Hossarlaryň 14 ýaşly oglanyň ölüminde, çagalar keselhanasynyň hirurgyny näme üçin günälerýändigi belli däl.

Jyzak oblastynyň saglygy saklaýyş edarasynyň ýolbaşçysy bolup geçen ýagdaýy düşündirmekden ýüz öwürdi.

– Bolan hadysa bilen prokuratura gyzyklanýar, men size hiç zat aýdyp bilmerin – diýip, saglygy saklaýyş bölüminiň başlygy Azatlygyň habarçysyna jogap berdi.

Ýatlatsak, Özbegistanyň keselhanalarynda wraçlaryň üstüne hüjüm edilmegi ilkinji gezek däl.

Geçen aýda sosial ulgamlarda Samarkandyň keselhanalarynyň birinde ýarawsyzyň kakasynyň wraça topulyşy hem ony kemsidýändigi baradaky wideo ýaýradylypdy.

Özbegistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň maglumatyna görä, 2017-2018-nji ýyllaryň dowamynda, syrkawlar hem olaryň hossarlary 300 çemesi medisina işgärine hüjüm edipdir.

Material AÝ/AR-nyň özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG