Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýokary okuwa girmekde giň ýaýran korrupsiýanyň fonunda, oňa kabul edişlik başlady


Türkmenistanda bir ýokary okuw jaýynyň girelgesi
Türkmenistanda bir ýokary okuw jaýynyň girelgesi

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda golaýda Türkmenistanda yglan edilen ýokary okuw jaýlaryna kabul ediş synaglary hem-de türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlardaky ýokary okuw mümkinçlikleri barada gürrüň gozgalýar.

Bu ýyl Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdeplerine studentleri okuwa kabul etmek işleri 2019-njy ýylyň 8-nji iýuly bilen 17-nji awgusty aralygynda guralar.

Bu barada Türkmenistanyň hökümetiniň 5-nji iýulda geçiren hökümet mejlisinde karar kabul edildi.

“Şu ýyl 12 müň 242 adam ýokary okuw mekdepleriň talyplary bolar, munuň özi geçen ýylyň degişli görkezijisinden 3 müň 392 adam köpdür. Şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim almaga isleg bildirýän adamlaryň 8 müň 54-si kabul ediler” diýip, TDH-nyň maglumatynda aýdylýar.

Şeýle-de resmi metbugata görä, bu ýyl Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdeplerinde 33 sany täze ugur peýda bolupdyr.

Ýurduň ýokary okuw jaýlaryna kabul ediş synaglary barada ýerli gazetlerde bildirişler çap edilýär.

Olardan mälim bolşuna görä, häzirki wagtda ýurtda harby bilim berýän okuw jaýlaryndan daşgary 21 sany ýokary okuw jaýy hem-de 41 sany orta hünär derejesinde bilim berýän jemi 62 ýokary we orta okuw/hünär mekdebi bar.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň orta mekdeplerinden her ýyl uçurym bolýan ýaşlaryň sany göz öňünde tutulanda ýokary okuwa kabul edilýänleriň sany ujypsyz bolmagynda galýar.

Biz Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilim, onuň hili, olara kabul edişlik prosesi we beýleki käbir meseleler hakda gürrüň etmek üçin häzirki wagtda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallyny gepleşigimize çagyrdyk. Şeýle-de bu günki programmamyzda Türkiýede ýokary bilim alan hem-de häzirki wagtda uzak möhletli esasda Türkiýede ýaşaýan Mährijemal bilen söhbetdeşlik geçirdik.

Türkmenistanda ýokary okuwa girmekde giň ýaýran korrupsiýanyň fonunda, oňa kabul edişlik başlady
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG