Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Myhmanhana hüjüm eden talyban jeňçileri azyndan alty adamy öldürdi


Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nusrat Rahimi
Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nusrat Rahimi

Demirgazyk-günbatar Owganystanda myhmanhana hüjüm eden talyban jeňçleri azyndan dört polisiýa ofiserini, iki sany siwil adamy öldürdi.

Bu hüjüm ekstremist topar bilen Katarda ABŞ-nyň ýörite wekiliniň arasynda geçirilen parahatçylyk gepleşikleriniň yzysüre guraldy.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nusrat Rahimi bäş sany janyndan geçen bombaçynyň 13-nji iýulda sagat 12:30 töwereginde Badhyz welaýatynyň paýatagtyndaky Kaleýe-Naw myhmanhanasyna zabt edip girendigini aýtdy.

Rahimi myhmanhanadaky gabawyň tas bäş sagada golaý dowam edendigini, hüjümçileriň üçüsiniň atyşykda öldürilendigini, ikisiniň tussag edilendigini hem sözüne goşdy.

Hüjüm wagtynda öldürilen iki siwil myhmanlardy diýip, hassahana resmileri aýtdy.

Badhyzyň döwlet hassahanasynyň başlygy Abdul Latif Rustahi Azatlyk radiosyna 16 adamyň, şol sanda howpsuzlyk güýçleriniň 10 agzasynyň we alty siwiliň, arasynda bir aýalyň we iki çaganyň hassahana kabul edilendigini aýtdy.

“Talybanyň” sözçüsi Mohammad Yusef Ahmadi bu hüjümi öz adamlarynyň amala aşyrandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG