Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň baş prokurory 14 tussagyň ölümine adam gynamalarynyň sebäp bolandygyny ret edýär


Täjigistanyň baş prokurory Ýusuf Rahmon. Arhiw suraty
Täjigistanyň baş prokurory Ýusuf Rahmon. Arhiw suraty

Täjigistanyň baş prokurory Ýusuf Rahmon türmede ölen 14 tussagyň garyndaşlarynyň geçen hepde olar gynaldy diýen sözlerini ret etdi.

Rahmon 16-njy iýulda Duşenbede žurnalistlere tussaglaryň 7-nji iýulda demirgazykdaky Sughd regionynyň türmesinden Duşenbedäki türmä geçirilen wagtynda azyk zäherlenmesinden ölendigini aýtdy.

Tussaglaryň garyndaşlarynyň käbiri merhumlaryň jesetlerinde urlup-ýenjilmeleriň we gynag yzlaryny görendigini aýtdy.

Rahmon tussaglaryň başga türmä geçirilýän wagtlarynda çörek iýenlerinden soň ölendigini, jesetler kesilip barlananda hiç bir gynag alamatynyň tapylmandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol bu ölümler boýunça derňewiň açylandygyny habar berdi.

Rahmonyň tassyklamagyna görä, bu waka bilen maýda we noýabrda türmede bolan gozgalaňlaryň arasynda hiç bir baglanyşyk ýok.

Maýda Wahdat türmesinde bolan gozgalaňda 29 tussag we türme sakçysy öldürildi.

XS
SM
MD
LG