Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Media gözegçilik edýän guramalar Pakistany ‘ýokary töwekgelçilikli’ ýurt hökmünde häsiýetlendirdi


16-njy iýulda Pakistanyň Peşawar şäherinde žurnalistler protest geçirýär.
16-njy iýulda Pakistanyň Peşawar şäherinde žurnalistler protest geçirýär.

“Serhetsiz Reportýorlar” (RSF) guramasynyň we Pakistanyň “Freedom Network” atly media gözegçilik edýän toparynyň bilelikde çap eden hasabatynda Pakistan media eýeçilik etmek babatynda “ýokary töwekgelçilikli” ýurt hökmünde häsiýetlendirilýär.

18-nji iýulda çap edilen hasabatda 220 million ilatly Günorta Aziýa ýurdunda media serişdeleriniň ýarysyndan gowragynyň diňe birnäçe adamyň eýeçiligindedigi aýdylýar.

“Bu habar çeşmelerinde has köp dürliligi üpjün etmek üçin has giň gerimli media eýeçiligine zerurlygyň bardygyny aňladýar” diýip, “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň Pakistandaky wekili Ikbal Hattak aýtdy.

Bu hasabat žurnalistleriň täsirli harby we howpsuzlyk gulluklary tarapyndan edilýän senzurany, şeýle-de býujetiň kemeldilmegi sebäpli adamlaryň işden çykarylmagyny we zähmet haklarynyň ençeme aýlap gijikdirilmegini ýazgaryp, Pakistanyň ähli künjeginde geçiren demonstrasiýalarynyň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG