Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Siz ölersiňiz” diýip gygyran erkek Ýaponiýada studiýany otlap, 33 adamy öldürdi


 "Kyoto Animation" kinostudiýasyndaky ýangyn
"Kyoto Animation" kinostudiýasyndaky ýangyn

Ýapon polisiýasy bir erkegiň “Siz ölersiňiz” diýip gygyryp, Kiotada bir animasiýa studiýasyna otly suwuklyk sepip, 33 adamy öldürendigini aýdýar.

Bu ýurtda soňky iki onýyllykda görlen iň aýylganç köpçülikleýin gyrgyn hasaplanýar.

Şaýatlar žurnalistlere ol adamyň 18-nji iýul güni irden eden hüjümi wagtynda “nägile, gaharly bolandygyny, özüniň nähili plagiatlyga uçrandygy barada bir zatlar diýip gygyrandygyny” aýtdylar.

Resmiler güman edilýäniň 41 ýaşyndaky adam bolandygyny, onuň ot beren studiýasynda işlemändigini, ýaralanyp, hassahana düşendigini aýtdylar.

Polisiýa bu hadysanyň sebäpleri hakynda hiç zat aýtmady, emma şaýatlar ýapon telewideniýesine ol adamyň bir zadynyň, belki-de şol kompaniýa tarapyndan, ogurlanandygy hakynda gaharly şikaýat edendigini gürrüň berdiler.

Häkimiýetler 19-njy iýulda 10 adamyň hassahanada galandygyny, olaryň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdylar. Pidalaryň köpüsi film we telewideniýe önümçiligi üçin işleýän “Kyoto Animation” kompaniýasynyň işgärleri bolup durýar.

Bu Ýaponiýada 2001-nji ýyldan bäri bolan iň elhenç gyrgynçylykdyr. 2001-nji ýylda Tokioda güman edilýän hüjümçi ýangyn turzup, 44 adamy öldürdi.

XS
SM
MD
LG